UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da pleý-off tap­gy­ry­nyň jo­gap du­şu­şyk­la­ry oý­na­lyp, to­par­ça­lar­da oý­na­ma­ga hu­kuk ga­za­nan soňky 10 to­pa­r hem bel­li bol­dy. 22 klu­buň gö­nü­mel gat­naş­ýan ýa­ry­şyn­da 2 to­par il­kin­ji ge­zek çy­kyş eder (“Les­ter Si­ti” bi­len “Ros­tow”). Şo­la­ryň bi­ri-de Rus­si­ýa­nyň “Ros­tow” to­pa­ry bo­lup, olar öz meý­dan­ça­syn­da “Aýak­sy” 4–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Ams­ter­dam­da deň­me-deň oý­nan rus to­pa­ry­nyň gol­la­ry­ny Ser­dar Az­mun (34), Ýe­ro­hin (52), No­boa (60) hem-de Po­loz (64) der­we­zä gi­riz­di. Şun­luk­da, “Ros­tow” ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da oý­nar. Ol bu ýa­ryş­da Rus­si­ýa­nyň adyn­dan we­kil­çi­lik et­jek 6-njy to­par­dyr. Şeý­le-de “Ros­tow” UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da (1992-nji ýyl­dan bä­ri) çy­kyş et­jek 135-nji klub bo­lar. 1-nji oýun­da jo­gap­syz 5 pök­gi ge­çi­ren “Man­çes­ter Si­ti” öz meý­dan­ça­syn­da “Stýaua­ny” Del­fiň ýe­ke-täk go­ly esa­syn­da ýeň­li­şe se­ze­war edip, bas­syr 6-njy ýo­la to­par­ça­la­ra gat­na­şar. Myh­man­çy­lyk­da 1–1 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­nap, uly umyt bi­len do­la­nan “Ro­ma” öz meý­dan­ça­syn­da ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je al­dy. 3–0 ha­sa­byn­da utu­lan ital­ýan klu­by ýo­lu­ny Ýew­ro­pa li­ga­syn­da do­wam et­di­rer. 2 oýun­çy­sy gy­zyl pe­tek alan “Ro­ma­nyň” to­run­dan gol­la­ry Fe­li­pe (8), La­ýun (73) hem-de Ko­ro­na (75) ge­çir­di. Ger­ma­ni­ýa­da­ky oýun­da Şweý­sa­ri­ýa­da ge­çi­ren gol­la­ry­nyň 2 es­se­si­ni sa­lan “Bo­rus­sia M.” to­pa­ry “Ýang Boý­zy” 6–1 ha­sa­byn­da utup, 2-nji ge­zek fi­nal tap­gy­ry­na ýol­lan­ma al­dy. Oýun­da Tor­gan Ha­zard bi­len Raf­fae­liň her­si 3 ge­zek­den ta­pa­wut­lan­dy. Mun­dan öň­ki tap­gy­ry ge­çip, uly şöh­rat ga­za­nan ir­land to­pa­ry “Dan­dalk” Pol­şa­nyň “Le­gia War­şa­wa” to­pa­ryn­dan as­gyn gel­di. Myh­man­çy­lyk­da 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan pol­ýak­lar jo­gap oý­nu­ny deň­me-deň oý­na­dy. Ta­ry­hyn­da 2-nji ge­zek Çem­pi­on­lar li­ga­sy­na gat­naş­ýan “Le­gia” soň­ky sa­par 1995–96 möw­sü­min­de çy­kyş edip­di. “Wil­lar­rea­ly” öz meý­dan­ça­syn­da-da ýe­ňen (1–0, Fa­bi­nio 90+1 p) Mo­na­ko bas­syr 2-nji sa­par 5 is­pan klu­bu­nyň Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da çy­kyş et­me­gi­ne rug­sat et­me­di.
Bol­ga­ri­ýa­dan “Lu­do­go­res”, Şot­lan­di­ýa­dan “Sel­tik”, Da­ni­ýa­dan “Ko­pen­ga­gen”, 2 oýun­da-da esa­sy wag­ty deň­lik­de oý­nap, goş­ma­ça wagt­da ýe­ňiş ga­za­nan “Di­na­mo Zag­reb” (Hor­wa­ti­ýa­dan) to­par­la­ry-da UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň to­par­ça­syn­da çy­kyş eder.

UEFA ÝEWROPA LIGASY 2016–2017 MÖWSÜMINIŇ TOPARÇALARY:

“A”: “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” (Ang­li­ýa), “Fe­ner­bah­çe” (Tür­ki­ýe), “Fe­ýe­noord” (Gol­lan­di­ýa), “Zar­ýa Lu­gansk” (Uk­rai­na)
“B”: “Olim­pia­kos”, APOEL (Kipr), “Ýang Boýz” (Şweý­sa­ri­ýa), “As­ta­na” (Ga­za­gys­tan)
“C”: “An­der­leht” (Bel­gi­ýa), “Sent Etien” (Fran­si­ýa), “Maýns” (Ger­ma­ni­ýa), “Ga­ba­la” (Azer­baý­jan)
“D”: “Ze­nit” (Rus­si­ýa), “AZ Alk­ma­ar” (Gol­lan­di­ýa), “Mak­ka­bi Tel Awiw” (Ys­ra­ýyl), “Dan­dalk” (Ir­lan­di­ýa)
“E”: “Wik­to­ria Plžen” (Çe­hi­ýa), “Ro­ma” (Ita­li­ýa), “Aust­ria Wi­en” (Awst­ri­ýa), “Ast­ra Gi­ur­giu” (Ru­my­ni­ýa)
“F”: “At­le­tik Bil­bao” (Is­pa­ni­ýa), “Genk” (Bel­gi­ýa), “Ra­pid Wi­en” (Awst­ri­ýa), “Sas­suo­lo” (Ita­li­ýa)
“G”: “Aýaks” (Gol­lan­di­ýa), “Stan­dard Li­ež” (Bel­gi­ýa), “Sel­ta” (Is­pa­ni­ýa), “Pa­na­ti­nai­kos” (Gre­si­ýa)
“H”: “Şaht­ýor Do­nesk” (Uk­rai­na), “Bra­ga” (Por­tu­ga­li­ýa), “Gent” (Bel­gi­ýa), “Kon­ýas­por” (Tür­ki­ýe)
“I”: “Şal­ke-04” (Ger­ma­ni­ýa), “RB Sals­burg” (Awst­ri­ýa), “Kras­no­dar” (Rus­si­ýa), “Nis­sa” (Fran­si­ýa)
“J”: “Fio­ren­ti­na” (Ita­li­ýa), PA­OK (Gre­si­ýa), “Slo­wan Li­be­reç” (Çe­hi­ýa), “Ga­ra­bag” (Azer­baý­jan)
“K”: “In­ter” (Ita­li­ýa), “Spar­ta Pra­ga” (Çe­hi­ýa), “So­ut­hemp­ton” (Ang­li­ýa), “Ha­po­el Be­er Şe­wa” (Ys­ra­ýyl)
“L”: “Wil­lar­re­al” (Is­pa­ni­ýa), “Stýaua” (Ru­my­ni­ýa), “Sü­rih” (Şweý­sa­ri­ýa), “Os­man­lys­por” (Tür­ki­ýe)