Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Şa ze­na­ny Ýe­li­za­we­ta II 90 ýa­şa­dy. Şu ýy­lyň 21-nji ap­re­lin­de 90 ýa­şy­ny ar­ka atan Ýe­li­za­we­ta II-niň hor­ma­ty­na Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Lon­don şä­he­rin­de res­mi da­ba­ra ge­çi­ril­di. Mu­kad­des Paw­lyň yba­dat­ha­na­syn­da­ky da­ba­ra­da di­leg-do­ga edil­di. Bu ýe­re Şa ze­na­nyna hor­mat goý­mak mak­sa­dy bi­len ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri De­wid Ka­me­ron, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Fi­lip Ham­mond, ma­li­ýe mi­nist­ri Jorj Os­born, Lon­don şä­he­ri­niň me­ri Sa­dik Han we beý­le­ki ýol­baş­çy­lar gel­di.
Soň­ra şä­he­riň esa­sy kö­çe­le­ri­niň bi­rin­de res­mi ýö­riş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Şa ze­na­nyň dog­lan gü­nü­ni to­mus pas­lyn­da baý­ram et­mek asyl­ly dä­be öw­rül­di. 1748-nji ýyl­da Pa­ty­şa gwar­di­ýa­sy­nyň har­by ýö­ri­şi­ni ge­çir­mek ba­bat­da de­giş­li çöz­güt ka­bul edi­lip­di. To­mus aýyn­da bel­len­me­gi­niň hem öz­bo­luş­ly se­bä­bi bar. Bu dö­wür­de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da ho­wa ma­ýyl hem-de gü­neş­li bol­ýar.
Ýe­li­za­we­ta II 1952-nji ýyl­da 25 ýa­şyn­da tag­ta geç­di. Şol dö­wür­de ozal­ky SSSR-iň ýol­baş­çy­sy Io­sif Sta­lin, ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Gar­ri Tru­men, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Uins­ton Çer­çill­di. Şa ze­na­ny­nyň tag­ta otu­ran 63 ýy­lyn­da Bir­le­şen Pa­ty­şa­lyk­da 12 ge­zek hö­kü­met ça­lyş­dy, ABŞ-da 12 sa­ny Pre­zi­dent saý­lan­dy we Wa­ti­kan­da 7 sa­ny Rim Pa­pa­sy ça­lyş­dy.
Ge­çen ýy­lyň 9-njy sent­ýab­ryn­da Ýe­li­za­we­ta II Şa ze­na­ny Wik­to­ri­ýa­nyň (1819-1901 ý.) re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Ýe­li­za­we­ta II 63 ýyl­lyk re­kor­da 7 aý we 2 gün bi­len öz ady­na ýaz­dyr­dy.