Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň 2017-nji ýy­ly “Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýy­ly” di­ýip at­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi hal­ky­myz­da uly şat­lyk we ru­hu­be­lent­lik dö­ret­di. Häzirki wagtda ýurdumyzda mö­hüm wa­ka­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny giň­den wa­gyz et­mek bo­ýun­ça çä­re­ler giň ge­ri­me eýe bol­ýar.
Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da sport ul­ga­my bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­di­ril­di, şeý­le hem ýur­du­myz se­bit­le­ýin we dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki ge­çi­ril­ýän sport ýa­ryş­la­ry­nyň mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Bu çä­re­ler ýur­du­my­zyň gö­zel­li­gi­ni, köp öwüş­gin­li­li­gi­ni, hal­ky­my­zyň myh­man­sö­ýer­li­gi­ni açyp gör­kez­mä­ge uly müm­kin­çi­lik­le­ri be­rer. Azi­a­da­nyň baş şy­ga­ry­nyň “Sag­dyn­lyk. Ru­hu­be­lent­lik. Dost­luk.” di­ýen üç söz bi­len aň­la­dyl­ýan­dy­gy bel­lär­lik­li­dir. Bu aja­ýyp jüm­le­ler bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­zyň esa­sy dur­muş gym­mat­lyk­la­ry bo­lan yn­san sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge, adam­la­ryň asyl­ly ýö­rel­ge­le­re, öz be­ýik mak­sat­la­ry­na bo­lan yna­my­ny, be­ýik ru­hu­ny özün­de jem­le­ýär.
Soň­ky wagt­lar­da köp­çü­lik­le­ýin sport we be­den­ter­bi­ýe he­re­ke­ti­ne dür­li ýaş­da­ky adam­la­ryň müň­ler­çe­si­niň gat­naş­ýan­dy­gy, ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ryň tas äh­li­si­niň di­ýen ýa­ly ýo­ka­ry ne­ti­je­li sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­la­nyp baş­lan­dy­gy ge­le­jek­de be­den­ter­bi­ýä­niň hal­ky­my­zyň gün­de­lik pi­şe­si­ne öw­rül­jek­di­gin­den ha­ba­r ber­ýär.
Ýurdumyzda Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi­niň müň­ler­çe tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­jek­di­gi hem mä­lim­dir. Bu aja­ýyp hal­ka­ra ýa­ry­şy içer­ki hem-de da­şar­ky söw­da­nyň, sy­ýa­hat­çy­lyk çä­re­le­ri­niň möç­ber­le­ri­niň ýo­kar­lan­ma­gy­ny hem üp­jün eder. Oýun­la­ra ýar­dam­çy bol­jak hü­när­men­le­riň umu­my sa­ny 11 mü­ňe go­laý bo­lup, ola­ryň 10 mü­ňü­si meý­le­tin ýar­dam­çy­lardyr. Şeý­le hem spor­tuň 21 gör­nü­şini özünde jemleýän bu sport baýramçylygyna je­mi 62 döw­let­den, şol san­da Azi­ýa se­bi­ti­ne gir­ýän 45 döw­let­den hem-de Awst­ra­li­ýa we Okea­ni­ýa se­bi­ti­ne gir­ýän 17 döw­let­den, tak­my­nan, 6000-e go­laý tür­ge­niň, 1545 sa­ny teh­ni­ki jo­gap­kär­le­riň, 2300 sa­ny met­bu­gat we­kil­le­ri­niň, “Azi­ýa Olim­pi­ýa ge­ňe­şi” ta­ra­pyn­dan 1500 sa­ny we­kil­le­riň gat­naş­mak­ly­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.
V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ny­şa­ny hök­mün­de türk­men hal­ky­nyň mil­li buý­san­jy bo­lan ahal­te­ke be­de­wi­niň aja­ýyp şe­ki­li­niň, oýun­la­ryň tu­ma­ry hök­mün­de türk­me­niň ala­baý iti­niň keş­bi­niň saýlanyp alynmagy bu ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň dün­ýä ýa­ýyl­ma­gy­na uly ýar­dam eder. Çün­ki bu tä­sin şe­kil­ler ýur­du­myz­da­ky, şeý­le-de Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň çäk­le­rin­dä­ki des­ga­la­ryň mo­ni­tor­la­ryn­da, oý­na to­ma­şa ed­ýän­le­riň ki­tap­ça­la­ryn­da spor­tuň gör­nüş­le­ri­ni be­ýan ed­ýän usul hök­mün­de ula­ny­lar. Ga­ly­ber­se-de, ýa­ryş­la­ryň do­wa­myn­da tu­mar di­ňe bir so­wgat­lyk önüm­ler gör­nü­şin­de bol­man, sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak dür­li ha­ryt­lar­da hem şe­kil­len­di­ri­ler.
Bu iri sport ýa­ry­şy­nyň ge­çi­ril­jek ýe­ri bo­lan Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi eý­ýäm hä­zir­ki gün­ler­de tä­sin­li­gi, ýo­ka­ry hil­li­li­gi, gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel keş­be eýe bo­lan bi­na­la­ry bi­len gö­re­nleri haý­ra­na goý­ýar. Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi sport we beý­le­ki mak­sat­ly bi­na­la­ryň 30-dan gow­ra­gy­ny özün­de jem­le­ýär. Olim­pi­ýa şä­her­ji­gin­dä­ki des­ga­lar dün­ýä ülň­üle­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýär. Onuň için­de ýa­ry­şa ge­len­le­riň bir bi­na­dan beý­le­ki bi­na aň­sat bar­ma­gy­ny üp­jün et­jek mo­no­rels ýo­lu­nyň bol­ma­gy hem bel­lär­lik­li­dir. Bu mo­no­rels ýo­lu­nyň be­ýik­li­gi 6 metr­den 20 met­re çen­li ara­lyk­da bo­lup, ýo­luň umu­my uzyn­ly­gy 5 müň 180 met­re ba­ra­bar­dyr. Mo­no­rel­siň Ata­türk kö­çe­si­ni iki ýer­de ke­sip geç­me­gi üçin her­si­niň uzyn­ly­gy 100 met­re ba­ra­bar bo­lan iki sa­ny köp­ri gu­rul­dy. Olim­pi­ýa şä­her­ji­gin­dä­ki mo­no­rels­de 3 sa­ny ot­ly he­re­ket eder. Ot­ly­nyň wa­gon­la­ry­nyň umu­my uzyn­ly­gy 25 met­re ba­ra­bar bo­lup, ol 75 ýo­lag­ça ni­ýet­le­nen­dir. Ýo­luň umu­my ug­run­da 8 sa­ny ýo­lag­çy du­ral­ga­la­ry adam­la­ra hyz­mat eder.
Me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da, Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­niň des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy üç tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýar. Gur­lu­şy­gy 2014-nji ýy­lyň ap­re­lin­de ta­mam­la­nan 1-nji no­bat­da­ky tap­gy­rynyň çäk­le­rin­de 15 müň to­ma­şa­ça ni­ýet­le­nen tür­gen­le­şik zal­la­ry­nyň 4-si, 6 müň to­ma­şaça ni­ýet­le­nen we­lot­rek, müň to­ma­şa­ça ni­ýet­le­nen ten­nis, gand­bol, bas­ket­bol hem-de wo­leý­bol bi­len meş­gul­lan­mak üçin açyk sport meý­dan­ça­la­ry bi­na edil­di. 2-nji tap­gy­ryň çäk­le­rin­de al­nyp bar­lan gur­lu­şyk iş­le­ri 2015-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da ta­mam­lan­dy. Bu tap­gy­ryň des­ga­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man­la­ry ka­bul et­mek üçin 450 orun­lyk “Olim­pi­ýa” myh­man­ha­na­sy, 5 müň to­ma­şa­ça ni­ýet­le­nen ýe­ňil at­le­ti­ka top­lu­my, 5 müň to­ma­şa­çy üçin ýa­pyk suw top­lu­my hem-de 1200 to­ma­şa­ça ni­ýet­le­nen suw sport ýa­ryş­la­ry ge­çi­ril­ýän açyk ho­wuz, 4 müň to­ma­şa­çy or­ny bo­lan ten­nis za­ly hem-de 2 müň to­ma­şaça ni­ýet­le­nen açyk ten­nis meý­dan­ça­la­ry bar. 3-nji no­bat­da­ky tap­gy­ryň gur­lu­şy­gy­na tür­gen­ler üçin 12 müň orun­lyk myh­man­ha­na, 400 orun­lyk köp gat­ly aw­to­du­ral­ga­nyň iki­si, hal­ka­ra ýaý­ly­ma be­riş mer­ke­zi­niň, do­ping yl­my-bar­lag we okuw mer­ke­zi­niň, Olim­pi­ýa meý­dan­ça­sy­nyň hem-de lo­gis­ti­ka mer­kez­le­ri­niň gur­lu­şyk­la­ry, Olim­pi­ýa sta­dio­ny­nyň üçe­gi­ni gur­na­mak we öň ta­ra­py­ny ti­mar­la­mak iş­le­ri gir­ýär.
Azia­da – 2017-niň oýun­la­ry ýur­du­my­zyň di­ňe bir sport­da däl-de, eý­sem, yk­dy­sa­dy­ýet­de we me­de­ni-gu­ma­ni­tar ugur­lar­da hem uly üs­tün­lik­le­re eýe bol­ýan­dy­gy­ny dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne äş­gär et­mek üçin oňaý­ly müm­kin­çi­lik dö­red­er. Olim­pi­ýa oýun­la­ry­ny ge­çir­mek­de dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň uly yna­my­na my­na­syp bo­lan gö­zel paý­tag­ty­myz ge­le­jek­de sport gö­zel­li­gi­ni äle­me ýaý­ýan me­ka­na öw­rü­ler.
Goý, hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, spor­ty ös­dür­mek ug­run­da ägirt uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun! Äh­li be­ýik baş­lan­gyç­la­ry he­mi­şe uly ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Abat Ber­di­ýe­wa,
Türk­men döw­let ulag we ara­gat­na­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.