Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy has-da kämilleşip, dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglyk desgalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi netijesinde, bu ulgam täze belentliklere çykdy. Ýurdumyzda her ýylyň 21-nji iýulynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň dabaraly ýagdaýda bellenmegi we bu hünär baýramçylygy mynasybetli bu pudaga degişli täze binalaryň ulanmaga berilmegi asylly däbe öwrüldi.
Ine, bir-iki günlükde saglygy goraýyş ulgamyna degişli iri binalaryň açylyş dabarasynyň şaýady bolduk. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda iri binalaryň dördüsiniň – Halkara newrologiýa merkeziniň, Morfologiýa merkeziniň, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň hem-de Aýratyn howply keselleriň öňüni alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu binalaryň Halkara güwänamalara mynasyp bolmagy olaryň ýurdumyzda binagärlik babatda ilata hyzmat ulgamynda ösüşiň ýokary derejelere çykandygynyň nobatdaky tassyknamasydyr.
Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzda halkara derejesinde dürli çäreler geçirilip, olara gatnaşmak üçin dünýäniň ençeme ýurdundan lukman-professorlar we beýleki myhmanlar paýtagtymyza geldiler.
Uly şatlyk-şowhuna beslenip, işe girizilen desgalaryň ilkinjisi Halkara Saglyk merkezleriniň müdiriýetiniň düzümine giren Halkara newrologiýa merkezi boldy. Milli Liderimiz bu ýerde söz sözläp, milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek boýunça ýöredýän syýasatymyz, alyp barýan işlerimiz dünýäde doly goldanylýar. Drakunkulýoz, poliomiýelit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýurdumyzda ýok edilendigi, unuň demir we foliý turşusy, duzuň ýod bilen baýlaşdyrylýandygy baradaky halkara resminamalary bu aýdylanlary doly tassyklaýar, diýip belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy, şeýle hem Germaniýanyň, Awstriýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň öňdebaryjy lukmançylyk we ylmy-barlag merkezleri bilen möhüm taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýäris diýip, saglygy goraýyş ulgamynda edilen we edilýän işler barada gürrüň berdi.
HALKARA NEWROLOGIÝA MERKEZI
Halkara newrologiýa merkezi Çandybil şaýoly bilen Atatürk köçesiniň çatrygynda, Berzeňňidäki “Saglyk” şäherjiginde guruldy. Umumy meýdany 23,3 müň inedördül metrden gowrak bolan toplumyň düzümine esasy binalaryň 5-si girýär. Bu ýerde çagalaryň we ulularyň newrologik kesellerini bejermek üçin zerur bolan ähli şertler döredildi. Merkez birwagtyň özünde näsaglaryň 120-sini kabul edip bilýär. Bölümleriň hemmesi dünýä ölçeglerine laýyk gelýän enjamlar, şol sanda magnit-rezonans bejergisini, kompýuter tomografiýasyny, angiografiýa, ehoensefalografiýa, ultrases we beýleki bejeriş-anyklaýyş barlaglaryny geçirmek, beýni gan aýlanyşygynyň ýiti bozulmalaryny, oňurga ýiligi kesellerini bejermek üçin niýetlenen enjamlar bilen üpjün edildi.
Maslahat beriş-anyklaýyş bölüminiň hünärmenleri ýiti we dowamly serebrowaskulýar patologiýaly hassalarda, merkezi hem-de periferiki nerw ulgamy keselli näsaglarda barlag geçirerler we ýakyndan ýardam ederler.
Hormatly Prezidentimiz hem newrologiýa merkeziniň işi bilen ýakyndan tanyşdy. Milli Liderimiz rentgen anyklaýyş bölümine, angiografiýa bölümine, operasion bölümine, hirurgiýa bölümine, fizioterapiýa bölümine baryp gördi. Bu bölümlerde, umuman merkeziň ähli bölümdir otaglarynda saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman tehnologik enjamlarynyň oturdylandygy we olaryň köpüsiniň diňe biziň ýurdumyzda ulanmaga başlanandygy baradaky hoş maglumatlar diýseň guwandyryjydyr.
JEMGYÝETÇILIK SAGLYGY WE IÝMIT MERKEZI
Hormatly Prezidentimiz saglyk işgärleriniň baýramçylyk gününde jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi bolan täze desganyň hem açylyş dabarasyna gatnaşyp, bu ýerdäki işler bilen tanyşdy. Umumy meýdany 18 müň inedördül metr bolan 4 gatly binada aýratyn howply ýokanç keselleriniň ýaýramagyna garşy göreşmek, azyk önümlerini we olary gaplamak üçin serişdeleriň döwlet hasaba alyş, bazarlara gözegçilik barlaghanasy, ýöriteleşdirilen azyk barlaghanalary, daşky gurşaw, zähmet, jemagat we radiasion gigiýenasy, toksikologiýa, bakteriologiýa, wirusologiýa, parazitologiýa, epidemiologiýa hem-de immuno biologik serişdeleriniň merkezi ammary bolan immunologiýa bölümleri bar. Bu ýerde maglumatlary seljermek hem-de ylmy-önümçilik bölümleri-de göz öňünde tutuldy. Munuň özi ýurdumyzyň barlaghanalaryny öz içine alýan umumy barlaghana ulgamyny kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Merkeziň hünärmenleri azyk önümleriniň hili hem-de howpsuzlygy, ekologiýa-biologiýa gurşawy, azyk önümleri we suw bilen bagly bolan keselleriň öňüni almak babatda barlaglary geçirer, şeýle hem ýokanç keselleriň çeşmelerini kesgitlemek üçin wiruslary, bakteriýalary hem-de parazitleri öwrenýän ylymlaryň belli bir ugurlary boýunça işleri amala aşyrar.
MORFOLOGIÝA MERKEZI
Ýokanç keseller müdirliginiň golaýynda gurlan Morfologiýa merkeziniň umumy meýdany 27 müň inedördül metre barabardyr. Morfologiýa edaralary (kazyýet-lukmançylyk, patologo-anatomiýa) hem-de Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedralary (kazyýet lukmançylygy we hukuk, patologo-anatomiýa, adam anatomiýasy, topografiki anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedralary) tarapyndan alnyp barylýan işleriň ugurlary özara baglanyşyklydyr. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap enjamlar gistohimiýa we sitohimiýa seljermesiniň, elektron – mikroskopik usullaryň kömegi bilen gistologiýa barlaglaryny geçirmek üçin şertleri döredýär. Munuň özi dokumalaryň düzümleýin hem-de funksional üýtgemegi boýunça alnan maglumatlaryň möçberini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Morfologiýa merkezinde lýuminessent mikroskopiki hem-de immunogistohimiki barlaglaryň usullarynyň ornaşdyrylmagy howply çişleriň antigenlerini kesgitelemekde aýratyn orun eýeleýär. Munuň özi çiş kesellerini anyklamak işini täze derejä çykarar. Morfologiki barlaglar keseli anyklamakda iň ygtybarly usul hökmünde keseli bejeriş usulyny saýlap almaga ýardam berýär. Bu merkeziň okuw düzümine Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň okuw-barlag bölümi girýär. Ol adam anatomiýasy, topografiki anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasyndan, patologo-anatomiýa hem-de kazyýet lukmançylygy hukuk kafedrasyndan ybaratdyr. Talyplaryň sapaklary üçin bu ýerde adamyň anatomiki gurluşyny öwrenmek üçin 3D ekranly interaktiw diseksion stollar bar.
Döwlet Baştutanymyz bu merkeziň işi bilen tanşyp, olardaky saglyk enjamlary bilen ýakyndan gyzyklandy. Olar barada bu ýerdäki hünärmenler milli Liderimize hasabat berdiler.
AÝRATYN HOWPLY ÝOKANÇ KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALYŞ MERKEZI
Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi hem jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi ýaly, ýurdumyzyň döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň düzümini innowasion derejede ösdürmäge ýardam eder. Bu merkeziň esasy maksady Türkmenistanyň çägini aýratyn howply karantin ýokançlaryň getirilmeginden we ýaýradylmagyndan goramakdan ybaratdyr. Gorag işleri ygtybarly we döwrebap usullar arkaly geçiriler. Bu merkez hem dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň häzirki zaman tehnologik enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Merkezdäki bu enjamlar arkaly dürli barlaglary geçirmäge giň mümkinçilik döredildi.
* * *
Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitinde gyzzyrma keseliniň gaýtadan ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ýokary derejede geňeşmek” atly halkara maslahat geçirildi. Oňa BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň wekilleri, hyzmatdaşlyk edýän guramalar, Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hünärmenleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Hökümeti we BSGG-niň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan guralan Aşgabatda geçirilýän duşuşygyň esasy maksady sebitde gyzzyrma keseliniň ýaýramak mümkinçiliginiň öňüni almak, tejribe alyşmak hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen umumy tagallalary mundan beýläk-de utgaşdyrmak üçin möhüm ugurlary kesgitlemekden ybaratdyr. 2010-njy ýylda Türkmenistanyň gyzzyrma keselinden azat döwlet hökmünde ykrar edildigi öwgä mynasypdyr.
* * *
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda ýurdumyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilendigi baradaky halkara güwänamalaryny hem-de türkmen paýtagtynda açylan täze saglygy goraýyş desgalaryna berlen binagärlik babatda gozgalmaýan mülk baýraklaryny gowşurmak, nemes lukmanlaryna şu ýokary okuw mekdebiniň Hormatly doktory we Hormatly professory diýen alymlyk atlaryny dakmak dabarasy boldy.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň senenamasynda ajaýyp waka boldy. Türkmenistan gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilendigi barada Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň halkara güwänamasyna eýe boldy. Bu waka milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr.
Şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara newrologiýa merkezi, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi, Morfologiýa merkezi, Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi gozgalmaýan mülk babatda (International Property Awards) abraýly baýraga mynasyp boldy. 1995-nji ýylda döredilen we birnäçe ugurlary, şol sanda “Binagärlik”, “Interýer”, “Gozgalmaýan mülk ulgamyndaky kompaniýa” we beýleki ugurlary birleşdirýän bu baýrak häzirki wagtda ýaşaýyş we edara gozgalmaýan mülki ulgamynda abraýly halkara baýraklarynyň biri bolup durýar.
Mundan başga-da nemes lukmanlaryna – GFR-iň Augsburg şäheriniň Gulak, bokurdak, burun klinikasynyň baş lukmany Ýohannes Senke hem-de GFR-iň Augsburg şäheriniň Oftalmologiýa klinikasynyň direktory Artur Jozef Fridrih Mýullere ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny hem-de lukmançylyk ylmyny ösdürmäge goşan mynasyp goşandy we bu ulgamda netijeli türkmen-german gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde uly hyzmatlary üçin Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Hormatly doktory we Hormatly professory diýen atlar dakyldy.
«Zaman–Türkmenistan».