Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä ülňülerine laýyklykda, döwrebap ýagdaýda ösdürilip, täze derejelere çykarylýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda işlenip düzülen “Saglyk” döwlet maksatnamasy türkmen halkynyň sagdyn durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz ähli pudaklar bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamyny birjik-de ünsden düşürmeýär. Bu pudakdaky ähli işleriň hazirki zaman innowasion ösüşler derejesinde alnyp barylmagy ugrunda ýadawsyz alada edýär. Munuň şeýledigine milli Liderimiziň saglygy goraýyş ulgamyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşmak maksady bilen Halkara kardiologiýa merkezine gelmegi aňryýany bilen subut edýär.
Milli Liderimiz halkara lukmançylyk merkezleriniň müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde bejergi alýan mähriban kyblasy – Mälikguly aganyň hal-ýagdaýyny soramaga bardy. Ene-atalar hakyndaky alada we olara üns berilmegi türkmen halkynyň asylly ýörelgeleriniň biri bolup durýar. Bejeriş çäresini amala aşyrýan lukmanlar hormatly Prezidentimize Mälikguly aganyň saglyk ýagdaýynyň kadalydygy barada habar berdiler.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyga Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory hem gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyz geçen ýyl täze “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilendigini aýdyp, onuň halkymyzyň saglygyny berkitmäge, keselleriň öňüni almaga gönükdirilendigini we maksatnamanyň döwrebap hem-de täze derejä eýedigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz onuň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy.
Duşuşyga gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli çäreler, şol sanda ýurdumyzyň bejeriş we keselleriň öňüni alyş edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Şeýle hem 1-nji iýuldan başlap, keselleri wagtynda ýüze çykarmak we ilatyň saglyk ýagdaýyny seljermek maksady bilen, ýurdumyzyň işleýän raýatlaryna lukmançylyk gözegçiligini geçirmäge girişiljekdigi barada habar berildi.
Sebitleýin ýörelgelere laýyklykda, enelere we çagalara ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini bermek ulgamy ýola goýuldy. Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak babatda täze çemeleşmeleriň girizilmegi netijesinde 2016-njy ýylyň birinji ýarymynyň jemleri çaga dogrulanda operasiýa etmek ýagdaýlarynyň 2 müňden gowrak azalandygyny görkezdi. Ýylyň ahyryna çenli çaga dogluşynyň has-da artmagyna garaşylýar. Täze doglan çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň möçberi 92 göterime barabar boldy.
Ýürek-gan damar, nerw ulgamy, dem alyş ýollary, süýji we düwnük keselleri ýaly ýokanç däl keselleriň öňüni almak maksady bilen, ilatyň arasynda, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. Çilimkeşlik we arakhorluk ýaly zyýanly endiklere garşy göreşmek boýunça toplumlaýyn işler dowam edýär.
Soňra hormatly Prezidentimize halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Aýratyn-da, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň goldaw bermeginde ýokanç däl kesellere, inçekesele we beýleki ýokanç kesellere, çilimkeşlige garşy göreşmek we olaryň öňüni almak boýunça ýörite taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi BMG-niň Çagalar gaznasy (UNISEF) bilen bilelikde çaganyň irki ösüşi hem-de çagalaryň saglygyna irki döwürlerden çemeleşmek boýunça maksatnamany durmuşa geçirýär. Täze doglan çagalara we körpelere lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen taslama amala aşyrylýar.
BMG-niň Ilat gaznasy bilen bilelikde “Aýallaryň sagdyn önelgeliligini pugtalandyrmak” taslamasy işjeň durmuşa geçirilýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde, inçekesele garşy göreşmek baradaky taslamalar işlenip taýýarlanylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ilatyň saglygyny goramak ulgamyndaky täze döwlet syýasatynyň ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna, adamlaryň saglygyny goramak baradaky konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini belledi.
Milli Liderimize 2012-2016-njy ýyllarda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda meýilleşdirilen täze gurulýan desgalary barada hem hasabat berildi.
Olaryň hatarynda ýurdumyzyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi bar. Dört gatly binanyň umumy eýeleýän meýdany 18 müň inedördül metre barabar bolup, onda aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreş, gaplanan azyk önümlerini döwlet tarapyndan hasaba almak, bazarlaryň barlaghana gözegçiligini amala aşyrmak, ýöriteleşdirilen azyk barlaghanalary, daşky gurşawyň, zähmet, jemagat hojalygy we radiasion gigiýena, toksikologiýa, bakteriologiýa, wirusologiýa, parazitologiýa barlaghanalary, immunobiologiýa serişdeleriniň merkezi ammary bilen arassaçylyk immunologiýa bölümleri bolar.
Ýene bir desga – Morfologiýa merkezi üç binadan we kömekçi desgalardan ybarat bolar. Ýokanç keseller müdiriýetiniň ýakynynda emele gelen merkeziň umumy eýeleýän meýdany 27 müň inedördül metrdir. Morfologiýa merkezindäki bölümlerde ýerine ýetirilýän işleriň kazyýet-lukmançylyk, patologik –anatomiýa we Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň morfologiýa okuw kafedrasy, kazyýet-lukmançylyk we hukuk, patologiýa-anatomiýa, adam anatomiýasy, operatiw hirurgiýa we topografiýa-anatomiýasy ýaly ugurlary bar. Olar öz aralarynda berk baglanyşyklydyr.
Paýtagtymyzyň Çandybil şaýoly bilen Atatürk köçesiniň çatrygynda Berzeňňidäki “Saglyk” şäherçesinde 120 orunlyk Halkara newrologiýa merkezi guruldy. Ol bäş binadan ybarat bolup, eýeleýän meýdany 23 müň 338 inedördül metre barabardyr. Bu ýerde çagalaryň we ulularyň newrologiýa kesellerini bejermek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Merkez magnit-rezonans terapiýany, kompýuter tomografiýasyny, angiografiýany, ehoensefolografiýa, ultrases we beýni gan aýlanyş, bil-oňurga näsazlyklaryny bejermek üçin, beýleki bejeriş-anyklaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün ediler.
Aýratyn howply keselleriň öňüni alyş merkezi paýtagtymyzda täze bina bolýan desgalaryň nobatdakysydyr.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyza Aziada-2017-ä lukmançylyk hyzmatyny guramak, şol sanda doping-gözegçiligini, arassaçylyk-keselleriň öňüni almak meseleleri boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Milli Liderimiz türgenleriň ýokary hilli we sagdyn iýmitlenmegi boýunça ähli talaplaryň berk berjaý edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Bu wezipeleriň oňyn çözgüdine täze Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň mynasyp goşant goşmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ýakyn günlerde boljak yssy günler bilen baglanyşykly gyssagly çäreleri görmegi, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde jöwzaly howanyň adam saglygyna ýaramaz täsiri we gün urmakdan goranmak ýaly meseleler boýunça çykyşlaryny guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şeýle merkezleriň dördüsiniň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň täze derejelere çykmagyny üpjün eder diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we degişli ýolbaşçylara binalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmegi, olaryň öňdebaryjy tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylmagyna, lukmanlaryň işi we näsaglar üçin zerur şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Mundan başga-da, Mary şäherinde 120 orunlyk çagalar hassahanasy, Lebap welaýatynda 836 orunlyk ýokanç keseller klinikasy bolan köpugurly hassahana gurulýar. Täze gurulýan desgalar we sebitlerdäki durky täzelenýän bejeriş-öňüni alyş edaralary barada döwlet Baştutanymyza hasabat berildi.
Umuman, 2016-njy ýylda saglygy goraýyş ulgamyna degişli edaralaryň 16-sy gurlup ulanmaga berler. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda, oba ýerlerinde 44 hassahanany, 72 saglyk merkezlerini we öýlerini gurmak göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň derman senagatynyň önümçilik möçberleriniň artyşy, Baş dermanhanalar birleşiginiň ygtyýarnamasy boýunça daşary ýurtlardan getirilýän derman serişdeleriniň sanawy we hili barada hasabat berildi. Häzirki döwürde Türkmenistana Ýewropa ýurtlaryndan, Hindistandan, Russiýadan, Belarusdan, Ukrainadan derman serişdeleri getirilýär.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz her ýylyň 21-nji iýulynda bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň hem-de şu sene mynasybetli “Saglyk-2016” halkara sergisiniň hem-de pudaklaýyn ylmy maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Soňky ýyllarda Halkara saglyk merkezleri müdiriýetinde neýrohirurgiýa, neonatologiýa, stomatologiýa, kardiologiýa, nefrologiýa, umumy hirurgiýa we beýlekiler ýaly dürli ugurlar boýunça ýöriteleşen köpsanly nemes professorlary iş saparlarynda boldular.
Saglygy goraýyş ulgamyna täze lukmançylyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, ylmyň ýokary gazananlary esasynda lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagy we onuň hiliniň ýokarlanmagy Türkmenistanyň ýokary dünýä ösüşine eýe bolmagynyň möhüm şertidir. Häzirki zaman hassahanalary, ylmy-kliniki merkezleri, lukmançylyk we şypahana ugrunyň dürli edaralarynyň enjamlaşdyrylyşy we ýerine ýetirýän hyzmatlary boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelmek bilen milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda öňde durýan wezipeleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň anyk netijesidir.
«Zaman–Türkmenistan».