UEFA Çempionlar ligasynda pleý-off tapgyrynyň jogap duşuşyklary oýnalyp, toparçalarda çykyş etjek klublaryň 32-si hem belli boldy. Öz meýdançasynda 1–1 oýnan “Benfika” myhmançylykda grekleriň wise-çempiony PAOK-dan 4–1 hasabynda üstün çykdy. Gollary Žardel (20), 2 gezek penaltiden Salwio (26, 50) hem-de Pizzi (39) derwezä girizdi. Gresiýanyň çempiony, 1-nji oýunda 2–1 ýeňiş gazanan AEK wengerleriň çempiony “MOL Widi” bilen 1–1 deňme-deň oýnap (Mantolas 48 p – Nego 57), 2006/07 möwsüminden soň, taryhynda 5-nji gezek Çempionlar ligasynda çykyş eder. Belarusdan ýeňiş bilen (2–3) dolanan PSW öz meýdançasynda BATE-niň torundan jogapsyz 3 pökgi girizdi (Bergwiýn 14, De Ýong 36, Lozano 62). Golsuz geçen 1-nji oýundan soň, Awstriýadaky duşuşykda-da “Red Bull Salsburg” bilen “Srwena Zwezda” 2–2 hasabynda deňme-deň oýnady. Dabur (45, 48 p) we Ben Nabuhaneniň (65, 66) garşylykly geçiren gollaryndan soň, myhmançylykda tapawutlanan “Srwena Zwezda” topary taryhynda ilkinji ýola Çempionlar ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy. “Red Bull Salsburg” topary bolsa, 11-nji gezek saýlama tapgyryndan yzyna gaýtdy. 1994/95 möwsüminde çykyş eden “RB Salsburgyň” 11-nji synanyşygy-da netijesiz boldy. Öz meýdançasynda 3–1 ýeňiş gazanan “Aýaks” topary Kiýewde “Dinamo” bilen 0–0 oýnap, 3 ýyllyk arakesmeden soň, 14-nji sapar toparçalara ýollanma aldy. Zagrebde “Dinamony” Hoaraunyň gollary (64 p, 66) bilen 2–1 hasabynda ýeňen “Ýang Boýz” ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň wekili boldy.
3 topar ilkinji gezek gatnaşýar
Şu wagta çenli UEFA Çempionlar ligasynda 137 klub çykyş etdi. 1992/93 möwsüminde UEFA Çempionlar ligasy adyny alan ýaryşyň “Hoffenhaým” 138-nji, “Ýang Boýz” 139-njy, “Srwena Zwezda” 140-njy kluby boldy. Mundan ozal, “Ýang Boýz” irki ýyllarda bu ýaryşda 5 gezek çykyş edipdi. 1992-nji ýylda çempionlyk gazanan “Srwena Zwezda” bolsa öň telim gezek gatnaşypdy.