Günorta Koreýanyň ykjam telefon hem-de dürli elektron enjamlaryny öndürýän “Samsung Electronics Co.” kompaniýasy Hytaýyň elektromobil önümçiliginde tanalýan “BYD Co.” şereketiniň paýnamalarynyň 4 göterimini 450 million dollara satyn aldy. Bu barada “Korea Economic Daily” gazeti habar berýär. Iki kompaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk awtoulaglar üçin niýetlenen dürli elektron enjamlarynyň önümçiliginiň has-da güýçlenmegine itergi berer.
Geçen ýyl Hytaý elektromobil önümçiliginde ABŞ-dan öňe saýlanyp, dünýäniň iri bazarlarynyň birine öwrüldi. Şu ýylyň birinji ýarymynda Hytaýda elektrik hereketlendirijisi bilen işleýän ulaglaryň satuwy 2 esse artyp, 170 müňe golaýlady. 2025-nji ýyla çenli bu görkezijini 3 milliona ýetirmek göz öňünde tutulýar.