Dünýäniň tehnologiýa ulgamyndaky öňdebaryjy kompaniýalaryndan Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy ösüşiniň iň belent sepgitlerine ýetýär. Geçen asyryň 30-njy ýyllarynda tüwi, şeker we kakadylan balyk önümleriniň söwdasyny amala aşyrmak bilen dünýäniň söwda bazarynda ornuny tapan “Samsung” kompaniýasy häzirki wagtda ýokary tehnologiýa önümçiliginde öňdebaryjylaryň hatarynda durýar we onuň kapitallaşdyrylmagy 300 milliard dollardan gowrak boldy. Kompaniýanyň ýurduň jemgyýetindäki orny ähmiýetli derejä çykdy. Onuň ýurduň jemi içerki önümindäki paýy 20 göterime deň boldy.
Taryhy
Söwda bazaryna dürli azyk harytlarynyň söwdasy bilen başlan “Samsung” kompaniýasy döwlet tarapyndan goldaw tapyp, tehnologiýa ulgamynda ägirt uly şerekete öwrüldi. 1969-njy ýylda telewizor önümçiligine girişdi. 1983-nji ýylda kompýuterleriň yzygiderli önümçiligi ýola goýuldy. 1990-njy ýyllaryň başlarynda bolsa, ilkinji ykjam telefonlary öndürip başlady.
Gurluşy
“Samsung Group” kompaniýasynyň düzüminde 70-den gowrak kärhana bar. Ony Li maşgalasy dolandyrýar. Ol kärhanalar elektronika, mikroelektronika, himiýa senagaty, gurluşyk, maşyngurluşyk, agyr senagat, maliýe we ätiýaçlandyryş ulgamlarynda hereket edýär.
Elektronika enjamlarynyň önümçiligi beýleki pudaklardan düýpgöter tapawutlanýar. Esasy girdejisi elektron senagatyndan gelýär. Kompaniýanyň düzümindäki kärhanalaryň köpüsi taýýar elektron harytlaryň önümçiligi boýunça iş alyp barýar. Toparyň düzüminde 276 müňden gowrak işgär zähmet çekip, her ýyl ylmy-barlag işleri üçin 10 milliard dollara golaý maýa goýum gönükdirýär.