Golliwudyň halypa režissýory Wudi Alleniň täze filminde surata düşjek artistleriň hataryna owadan aýdymçy hem-de aktrisa Selena Gomes hem goşuldy. Häzirlikçe ady belli bolmadyk kinoda 25 ýaşly Gomesden başga-da Elle Fanning bilen Timoti Şamaletiň çykyş etjekdigi ozal habar berlipdi. 2018-nji ýylyň 2-nji ýarymynda ekranlara goýberiljek filme “Amozon Studios” hemaýatkärlik eder. Bu ekran eseri Wudi Alleniň ýokarda ady agzalan şereketiň garamagynda surata düşüren 3-nji filmi bolar. Oskarly režissýor “Amozon Studios” üçin “Cafe Society” we “Wonder Wheel” filmlerine režissýorlyk edipdi.