Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň Parlamentiniň senatynyň saýlawlarynyň 12-nji awgustda geçiriljekdigini habar berdi. Senatyň häzirki çagyryşynyň deputatlarynyň ygtyýarlyk möhleti şu ýylyň oktýabr aýynda tamamlanýar.
“Gazagystanyň hökümeti, Nur-Sultan, Almaty we Şymkent şäherleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem sebitler Gazagystanyň Parlamentiniň senatynyň wekilleriniň saýlawlaryny guramaçylyk, maddy-tehniki we maliýe taýdan goldamak boýunça çäreleri geçirilmeli” diýlip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Kararynda aýdylýar.
Gazagystanyň Parlamentiniň ýokarky palatasynda 49 orun bar. Gazagystanyň Parlamentiniň iki palatadan – Senatdan (ýokarky palata) we Mäžilisden (aşaky palata) ybaratdygyny bellemek gerek. Senat her sebite, respublikan ähmiýetli şähere we paýtagta wekilçilik edýän deputatlardan ybaratdyr. Senatda jemgyýetiň milli-medeni we beýleki möhüm bähbitlerine wekilçilik etmegiň zerurdygy göz öňünde tutulyp, Prezident tarapyndan 15 deputat bellenilýär. Senatyň saýlanan wekilleriniň ýarysy üç ýyldan bir gezek gaýtadan saýlanylýar. Senatyň deputatlarynyň ygtyýarlyk möhleti alty ýyl. 2020-nji ýylyň 4-nji maýynda Gazagystanyň Parlamentiniň Senatynda täze spiker saýlandy – ol Maulen Aşimbaýewdir.