2001-nji ýyl­da Hy­ta­ýyň, Rus­si­ýa­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň hem-de Öz­be­gis­ta­nyň gat­naş­ma­gyn­da dö­re­di­len Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy şu ýyl dö­re­di­le­ni­niň 15 ýyl­ly­gy­ny bel­le­ýär. Şan­ly se­nä ga­bat­lap, gu­ra­ma şu ýyl baş­lyk­lyk ed­ýän ýurt bo­lan Öz­be­gis­ta­nyň paý­tag­ty Daş­kent­de döw­let baş­tu­tan­la­ry de­re­je­sin­de sam­mit ge­çi­ril­di. Gu­ra­ma ag­za döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň 16-njy sam­mi­ti örän ne­ti­je­li ta­mam­lan­dy. Bu sam­mi­tiň ne­ti­je­sin­de, gu­ra­ma ag­za döw­let­le­riň sa­ny go­laý wagt­da 6-dan 8-e çy­kar. Hin­dis­ta­nyň hem-de Pa­kis­ta­nyň bu gu­ra­ma ag­za­ly­ga ka­bul edil­me­gi ba­bat­da çöz­güt ka­bul edil­di.
ŞHG-niň sam­mi­ti­ne Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti hem hor­mat­ly myh­man hök­mün­de gat­naş­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň sam­mi­ti­ne hor­mat­ly myh­man hök­mün­de ça­gy­ryl­ma­gy mil­li Li­de­ri­mi­ziň alyp bar­ýan pa­ra­sat­ly da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň, hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gol­da­nyl­ýan­dy­gy­nyň ýe­ne-de bir su­but­na­ma­sy­dyr.
ŞHG-niň sam­mi­ti­ne gu­ra­ma ag­za ýurt­la­ryň döw­let Baş­tu­tan­la­ry – Ga­za­gys­ta­nyň Pre­zi­den­ti Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Al­maz­bek Atam­ba­ýew, Hy­ta­ýyň Baş­ly­gy Si Szin­pin, Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin hem-de Tä­ji­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mon gat­naş­dy. Şeý­le hem ŞHG-niň ýa­nyn­da syn­çy­lar de­re­je­si­ne eýe bo­lan döw­let­le­riň ýol­baş­çy­la­ry – Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Mam­nun Hu­seýn, Be­la­ru­syň Pre­zi­den­ti Alek­sandr Lu­ka­şen­ko, Mon­go­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Sa­hia­giýn El­beg­dorž, Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Mu­ham­mad Aş­raf Ga­ni, Hin­dis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Na­rend­ra Mo­di hem ça­gy­ryl­dy. Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Mo­ham­mad Ja­wad Za­lif we­kil­çi­lik et­di.
Sam­mi­tiň çäk­le­rin­de 2016-2020-nji ýyl­lar üçin ösüş stra­te­gi­ýa­sy bo­ýun­ça me­ýil­na­ma ka­bul edil­di. Gu­ra­ma­nyň dü­zü­min­dä­ki döw­let­le­riň ara­syn­da dür­li ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
Hin­dis­ta­ny hem-de Pa­kis­ta­ny bu gu­ra­ma ag­za­ly­ga ka­bul et­mek ba­ra­da­ky äht­na­ma esa­sy res­mi­na­ma­la­ryň bi­ri bol­dy. Mun­dan bir ýyl ozal, Rus­si­ýa­nyň Ufa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len li­der­le­riň sam­mi­tin­de bu döw­let­le­riň ag­za bol­ma­gy ba­bat­da ka­rar ka­bul edi­lip­di. ŞHG-niň no­bat­da­ky sam­mi­tin­de, ýag­ny Ga­za­gys­ta­nyň paý­tag­ty As­ta­na şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek in­di­ki sam­mit­de ag­za döw­let­le­riň sa­ny 8 bo­lar.
Gu­ra­ma­nyň ge­ri­mi­niň gi­ňe­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de, onuň ösüş tap­gy­ryn­da-da tä­ze döw­re ga­dam ba­syl­ýar. Tä­ze döw­let­le­riň go­şul­ma­gy bi­len gu­ra­ma­nyň eýe­le­ýän meý­da­ny Ýew­ra­zi­ýa­nyň 60 gö­te­ri­mi­ne, onuň ila­ty­nyň sa­ny tu­tuş Ýer şa­ry­nyň 45 gö­te­ri­mi­ne, je­mi içer­ki önü­mi­niň möç­be­ri bol­sa dün­ýä­niň je­mi içer­ki önü­mi­niň 19 gö­te­ri­mi­ne deň bo­lar.
Mun­dan baş­ga-da sam­mi­tiň çäk­le­rin­de gu­ra­ma ag­za döw­let­le­riň ara­syn­da sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da-da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da yla­la­şy­ga gol çe­kil­di.
ŞHG-niň no­bat­da­ky döw­let Baş­tu­tan­la­ry de­re­je­sin­dä­ki mej­li­si 2017-nji ýy­lyň 7-8-nji iýu­nyn­da Ga­za­gys­ta­nyň paý­tag­ty As­ta­na şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler. Gu­ra­ma baş­lyk­lyk et­mek Öz­be­gis­tan­dan Ga­za­gys­ta­na ber­ler.
Öňü­miz­dä­ki ýyl­lar­da Ow­ga­nys­ta­nyň hem-de Eý­ra­nyň bu gu­ra­ma ag­za bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu döw­let­le­riň ýol­baş­çy­la­ry hem bu ugur­da ta­gal­la ed­ýär. Gu­ra­ma ag­za döw­let­le­riň li­der­le­ri hem bu ýurt­la­ryň tek­lip­le­ri­ni gol­da­ýar.

Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Hy­ta­ýa sa­pa­ra bar­dy
Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin Daş­kent­dä­ki ŞHG-niň sam­mi­tin­den soň­ra Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­syn­da res­mi sa­par­da bol­dy. Pe­kin­de ýo­ka­ry de­re­je­de rus-hy­taý gep­le­şik­le­ri ge­çi­ril­di. Pre­zi­dent Wla­di­mir Pu­tin hem-de Hy­ta­ýyň Baş­ly­gy Si Szin­pi­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň ahy­ryn­da yk­dy­sa­dy­ýet, söw­da, teh­no­lo­gi­ýa, in­no­wa­si­ýa, oba ho­ja­ly­gy, ma­li­ýe, ener­ge­ti­ka, met­bu­gat, in­ter­net we sport ul­gam­la­ryn­da 30-a go­laý iki­ta­rap­la­ýyn yla­la­şy­ga gol çe­kil­di.
Iki ýur­duň ara­syn­da­ky sy­ýa­sy gep­le­şik­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki sa­par­lar bi­len has-da iş­jeň­leş­ýär. Hy­ta­ýyň Baş­ly­gy Si Szin­pin soň­ky 3 ýy­lyň do­wa­myn­da 5 ge­zek Rus­si­ýa­da res­mi sa­par­da bol­dy. Rus­si­ýa­nyň hem-de Hy­ta­ýyň ýol­baş­çy­la­ry de­giş­li dö­wür­de 10-dan gow­rak iki­çäk du­şu­şyk ge­çir­di.