Günorta Afrikada sitrus miweleriniň önümçiligi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 13 göterim artdyrylyp, 2020-nji ýylda eksportda rekord derejä ýetmegi başardy. Sitrus miweleriniň eksportunyň garaşylýan möçberden köp bolmagy, esasan, iki sebäp bilen baglanyşyklydyr: ol hem täze önümçilik önümhanalaryny ulanmaga bermek we amatly howa şertleridir.
Günorta ýarym şarda sitrus miweleriniň eksportunyň şu ýyl artmagyna garaşylýan ýeke-täk ýurt Günorta Afrika däl. Bütindünýä sitrus miweleri boýunça gurama Günorta ýarym şar üçin ilkinji önümçilik çaklamasyny çap etdi. Bu sanawda Argentinanyň, Awstraliýanyň, Çiliniň, Perunyň, Günorta Afrikanyň we Urugwaýyň görkezijileri mälim edildi. Sitrus miweleriniň hasylynyň 8 387 341 tonna boljakdygyna, eksportuň bolsa 12% – 3 486 883 tonna ýokarlanmagyna garaşylýar.
Sitrus miwelerine ählumumy islegiň ýokarlanmagyny, bu miweleriň bedeniň immunitetini güýçlendirýändigi bilen baglanyşdyrýarlar.
Mähri AKMYRADOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň talyby.