Ge­çi­ri­len soň­ky bar­lag­lar smart­fon sa­tu­wyn­da­ky pe­se ga­çyş­ly­gyň az hem bol­sa do­wam ed­ýän­di­gi­ni gör­kez­di. “Gart­ner” şe­re­ke­ti­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, 2019-njy ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­de smart­fon sa­tu­wy 1,7 gö­te­rim aza­lyp­dyr. Şe­re­ke­tiň bar­lag­lar bo­ýun­ça di­rek­to­ry An­şul Gup­ta ýo­ka­ry hil­li smart­fon­la­ra bo­lan is­le­giň or­ta we ar­zan ba­ha­ly te­le­fon­la­ra ga­ra­nyň­da has hem azal­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Bu dö­wür­de glo­bal ba­zar­da je­mi 368 mil­li­on te­le­fon sa­ty­lyp­dyr. Brend­ler ha­sa­ba alna­nda, de­giş­li dö­wür­de “Sam­sung” 75 mil­li­on te­le­fon sa­typ­dyr. Tä­ze te­le­fon sa­tyn alan her bäş ada­myň bi­ri (20,4%) “Sam­sung”-y saý­lap­dyr. Ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­de bu gör­ke­zi­ji 19,3 gö­te­rim bo­lup­dyr. “Hua­wei” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ba­zar­da­ky pa­ýy bol­sa, 13,3 gö­te­rim­den 15,8 gö­te­ri­me ýe­tip­dir. Mun­da iç­ki ba­za­r­da­ky ösü­şiň tä­si­ri uly bo­lup­dyr. Kom­pa­ni­ýa­nyň öz wa­ta­nyn­da­ky ösü­şi 31 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp­dyr. Sa­naw­da üçün­ji or­ny eýe­le­ýän “App­le” şu ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­de 38 mil­li­on smart­fon sa­typ­dyr. Şeý­le­lik­de, onuň global ba­zar­da­ky pa­ýy 11,9 gö­te­rim­den 10,5 gö­te­ri­me dü­şüp­dir.
Hy­taý we Bra­zi­li­ýa bol­sa smart­fon ba­za­ry­nyň ösen döw­let­le­ri bo­l­dy. Dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy bo­lan Hy­taý­da 101 mil­li­on smart­fon sa­ty­lyp­dyr. 5G smart­fon­la­ry­nyň peý­da bol­ma­gy bi­len Hy­taý­da sa­tyl­ýan te­le­fon­la­ryň ara­syn­da 4G mo­del­le­ri­niň kö­pü­si­niň sa­tu­wy bes edi­lip­dir. De­giş­li dö­wür­de Bra­zi­li­ýa­da 10,8 mil­li­on smart­fon sa­ty­lyp­dyr. Bi­ler­men­ler bu gör­ke­zi­ji­niň ýur­duň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň hem ala­ma­ty­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Üç aýyň do­wa­myn­da Hin­dis­tan­da 35,7 mil­li­on smart­fon sa­ty­lyp, bu glo­bal sa­tu­wyň 9,7 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýär. “Gart­ner” şereketiniň bi­ler­men­le­ri şu ýy­lyň do­wa­myn­da bü­tin dün­ýä­de sa­ty­lan te­le­fon­la­ryň sa­ny­nyň 1,5 mil­liard bol­jak­dy­gy­ny çak­la­ýar­lar. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýyl­da­ky­dan 2,5 gö­te­rim az bo­lar.