Basym Russiýanyň Demirgazyk paýtagtynda beýik gruzin şahyry Şota Rustaweliniň ýadygärligi gurlar. Häzirki wagtda onuň dikeldiljek ýeri Sankt-Peterburgyň ýolbaşçylary bilen ylalaşyldy. Ýadygärligiň guruljak köçesi şahyryň adyny göterip, ol 50 ýyl mundan ozal, “Gaplaň derisine giren pälwanyň” awtorynyň 800 ýyllyk ýubileýi bellenilende dakylypdy. Ýadygärligi dikeltmegiň başyny başlaýjylar hökmünde Şota Rustaweli jemgyýeti çykyş etdi. Belli gruzin heýkeltaraşy Zurab Sereteli bolsa, heýkeli ýasap, jemgyýete peşgeş hökmünde berdi. Eýýäm, ýylyň ahyryna çenli gruzin nusgawy şahyrynyň heýkeli öz adyny göterýän köçede dikeldiler.
XII asyrda ýaşap geçen gruzin şahyry Şota Rustaweliniň häzire çenli terjimehaly doly belli bolman, syrly galýar. Onuň durmuşy baradaky köp maglumatlar hem henize çenli nämälim. Onuň haýsy ýyllarda doglup, aradan çykanlygy barada anyk maglumat ýok. Diňe 1160 – 1166-njy ýyllar aralygynda doglanlygy çaklanylýar. Ol Rustaweli atly kiçiräk obada dünýä inýär we şahyryň ady hem ýaşan ýeri bilen baglanyşyklydyr. Emma şol taryhy döwürde Gruziýada şeýle atlandyrylýan birnäçe ýerleriň bolanlygy üçin şahyryň olaryň haýsynda doglanlygy nämälimliginde galýar.
Şota Rustaweli gurply maşgalada dünýä inýär. Ol belli gruzin şa zenany Tamaranyň hazynadary bolýar. Rustaweli Tamaranyň döwründe döwlet işgäri bolup, şol döwrüň resminamalarynyň birinden 1190-njy ýyl diýlip senelenen şahyryň goly ýüze çykaryldy. Gruzin taryhynyň altyn asyrynda liriki şygryýet gülläp ösýär we bu ösüşde Şota Rustaweliniň “Gaplaň derisine giren pälwan” atly eseri uly rol oýnaýar.
Bu diňe bir edebi eser bolman, eýsem, taryhy eser hasaplanýar. Çünki awtor onda öz hökümdary – şa zenan Tamara barada gürrüň berýär. Şahyr eserinde onuň gözelligini we paýhasyny wasp edýär. Bu poema XII asyrdan bäri, gruzin halkynyň buýsanjy bolup, onda şahyryň pähim-paýhasy görnetin ýüze çykýar. Onuň Platonyň filosofiýasyndan gowy başy çykypdyr, Gomeriň poemalarynyň gadyr-gymmatyny bilipdir, ylahyýeti okap, arap-pars dillerini gowy bilipdir, döwletiň işlerinden doly başy çykypdyr.
Tamaranyň ýurdy dolandyran döwründe Rustaweli uly abraýa eýe bolupdyr, ýöne 1209-njy ýa-da 1213-nji ýylda şa zenan aradan çykandan soňra şahyr uly kynçylyklara duçar bolýar. Gruzin edebiýatynyň parlak ýyldyzynyň nähili aradan çykanlygy barada hem belli tutaryk ýok. Onuň Ierusalime gitmäge mejbur bolandygy, şol ýerde 1216-njy ýylda aradan çykanlygy barada maglumatlar bar. Şahyryň döredijiligi XVIII asyrda hem äşgär bolman galýar. Emma, wagtyň geçmegi bilen Rustaweliniň belli eseri Gruziýanyň çäklerinden daşarda uly abraýa eýe bolýar.
Geçen asyrda Şota Rustaweliniň “Gaplaň derisine giren pälwan” eseri iňlis, fransuz, nemes, polýak, iwrit, hindi, hytaý, ýapon, türkmen, azerbaýjan, ermeni, italýan, ispan, pars, arap we başga-da birnäçe dillere terjime edildi. Şu günki günde Gruziýanyň drama teatry, birnäçe ýokary mekdepleri, Tbilisiniň baş şaýoly, köp sanly merkezi köçeleri we gruzin şäherleri şahyryň adyny göterýär. Bulardan başga-da şahyryň ady Kawkazdaky dag gerişleriniň iň beýik ýerine dakyldy. Şu ýyl Rustaweliniň doglan gününe 850 ýyl dolýar.