Re­žiss­ýo­ry: Jeýms Kent; Prod­ýu­ser­le­ri: Jäk Ar­but­nott, Mal­te Gru­nert, Rid­li Skott; Sse­na­ri­çi­le­ri: Jou Şrap­nel, An­na Wo­ter­ha­uz (Ri­di­an Bru­kuň ady­bir ese­ri esa­syn­da); Keşp­ler­de: Ki­ra Naýt­li, Alek­san­der Skars­gard, Jeý­son Klark, Pan­do­ra Ko­lin, Ned Wil­lis; Kom­po­zi­to­ry: Mar­tin Fipps; Ön­dü­ri­ji: “Amu­se­ment Park Films”, “Scott Free Pro­ductions”; Paý­laý­jy: “Fox Se­archlight Pictu­res”; Do­wam­ly­ly­gy: 108 mi­nut; Gör­nü­şi: dra­ma; Ýur­dy: Bir­le­şen Ko­rol­lyk, Ger­ma­ni­ýa, ABŞ; Di­li: iň­lis­çe.

“Şowsuz ne­ti­je” at­ly bu fil­me “Ýaş­lyk we­sýe­ti” ki­no­sy bi­len ady­gan ang­li­ýa­ly Jeýms Kent re­žiss­ýor­lyk ed­ýär. Film­de Os­ka­ryň da­laş­gä­ri, meş­hur akt­ri­sa Ki­ra Naýt­li bi­len Alek­san­der Skars­gard hem-de Jeý­son Klark esa­sy keşp­le­ri jan­lan­dyr­ýar. Çe­hi­ýa­nyň paý­tag­ty Pra­ga­da ek­ran­laş­dy­ry­lan ki­no­nyň sse­na­ri­si­ni ýa­zy­jy Ri­di­an Bru­kuň ady­bir ese­ri esa­syn­da Jou Şrap­nel bi­len An­na Wo­ter­ha­uz bi­le­lik­de ýaz­dy. Bu ekran eseri prodýuserlik edenleriň biri-de meşhur režissýor Ridli Skott. Film­de Ikin­ji ja­han ur­şu­nyň ta­mam­lan­ma­gyn­dan soň, Ham­burg şä­he­ri­ne gö­çüp ge­len Ra­çel Mor­gan at­ly ze­na­nyň ba­şyn­dan ge­çi­ren wa­ka­la­ry dog­ru­syn­da gür­rüň be­ril­ýär.