XX asy­ryň iň ägirt tür­gen­le­ri­niň bi­ri, ro­wa­ýa­ty boks­çy Mu­ham­mad Ali 74 ýa­şyn­da ara­dan çyk­dy. 30 ýyl­dan bä­ri par­kin­son ke­se­lin­den ejir çek­ýän Ali­niň 2014-nji ýyl­dan soň, sag­lyk ýag­da­ýy has hem pe­se ga­çyp­dy. Mu­ham­mad Ali 1942-nji ýy­lyň 17 ýan­wa­ryn­da ABŞ-nyň Ken­ta­ki şta­ty­nyň Lu­is­will şä­he­rin­de dün­ýä in­ýär. Ýaş­lyk­da kö­senç­li dur­muş­da ýa­şan Ali 12 ýa­şyn­da boks bi­len meş­gul­la­nyp baş­la­ýar. 1960-njy ýyl­da pro­fes­sio­nal boks­çy bo­lan Ali şol ýyl ýe­ňil ag­ram­da Rim­dä­ki to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da al­tyn me­da­la my­na­syp bol­ýar. Pro­fes­sio­nal­ly­ga çen­li 100 tut­lu­şyk­da di­ňe 5 sa­par ýeň­len Ali 22 ýa­şyn­da Ys­lam di­ni­ni kabul edýär. Şon­dan soň mu­sul­man­la­ryň ara­syn­da-da ta­na­lyp baş­lan Mu­ham­mad Ali öm­rü­niň ahy­ry­na çen­li adam hu­kuk­la­ry­nyň ýo­kar­lan­ma­gy we pa­ra­hat­çy­lyk ug­run­da uly iş alyp bar­ýar. Dür­li kül­pet­le­ri baş­dan ge­çi­ren Mu­ham­mad Ali mu­sul­man bo­la­nyn­dan soň hä­zir­ki ýör­gün­li ady­ny al­ýar. On­dan öň Kas­si­us Mar­sel­lus Kleý diý­lip ta­nal­an boks­çy kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça 61 pro­fes­sio­nal tut­lu­şyk ge­çir­ýär. Şo­la­ryň 56-syn­da ýe­ňiş ga­za­nan Ali di­ňe 5 ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war bol­ýar. 3 ge­zek Dün­ýä çem­pio­ny bo­lan Ali ýe­ňiş­le­ri­niň 37-si­ni no­ka­ut bi­len ga­zan­ýar. 1964-nji, 1974-nji we 1978-nji ýyl­lar­da agyr ag­ram­da dün­ýä çem­pio­ny bo­lan Ali bu gu­şa­gy­ny 19 sa­par go­ra­ýar. Mu­ham­mad Ali­niň 7-si gyz je­mi 9 ça­ga­sy bar. 2-nji gy­zy Lai­la bel­li bir dö­wür­de pro­fes­sio­nal boks­çy bo­lup hem meş­hur­lyk ga­zan­dy. Äh­li za­ma­na­la­ryň iň ab­raý­ly tür­ge­ni diý­lip gör­ke­zil­ýän Mu­ham­mad Ali­niň ara­dan çyk­ma­gy bü­tin dün­ýä­ni gy­nan­dyr­dy. Aý­ra­ty­nam, onuň sport bi­len meş­gul­la­nan döw­rün­de Ali­niň boks du­şu­şyk­la­ry­na ring­de ýa-da te­le­ýaý­lym ar­ka­ly to­ma­şa eden­ler üçin bu uly ýit­gi bol­dy. Ol düýn soň­ky ýo­lu­na ug­ra­dyş çä­re­sin­den soň, dog­duk me­ka­ny Lu­is­will­de jaý­lan­dy. Di­ňe bir sport kar­ýe­ra­sy bi­len däl, eý­sem adam­kär­çi­li­gi, gör­ke­zen eder­men­li­gi, adam hu­kuk­la­ry­nyň ýo­kar­lan­ma­gy we pa­ra­hat­çy­lyk ug­run­da alyp ba­ran işleri bi­len hem­mä­niň söý­gü­si­ni ga­za­nan bu yn­san hiç ha­çan ýat­dan çyk­maz.