NBA-da “Fi­niks San­syň” “Dal­las Ma­we­rik­si” 120–109 ha­sa­by bi­len ýe­ňen du­şu­şy­gyn­da ýer eýe­le­ri­niň we­te­ran bas­ket­bol­çy­sy Ja­mal Kraw­ford to­pa­ry­na 51 utuk­lyk go­şant goş­dy. Şun­luk­da, 39 ýa­şyn­da­ky Kraw­ford NBA-da 50-den köp utuk ga­za­nan iň ýa­şu­ly bas­ket­bol­çy bol­dy. On­dan öň­ki re­kord 2001-nji ýyl­da 50 utuk ga­za­nan Maýkl Jor­do­na de­giş­li­di. Şeý­le-de Kraw­ford kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça “Çi­ka­go Bulls”, “Nýu Ýork Niks” we “Gol­den Steýt War­riors” to­par­la­ryn­da hem 50 utuk ge­çi­rip­di we ol 4 klub­da mu­ny ba­şa­ran il­kin­ji bas­ket­bol­çy bol­dy.
NBA-da ada­ty möw­sü­miň soň­ky tap­gy­ryn­da “Mil­wa­ki Baks” bi­len “Ok­la­ho­ma Si­ti Tan­de­riň” ara­syn­da­ky oýun­da (127—116) myh­man­çy­lyk­da to­pa­ryň ýyl­dy­zy Ras­sel West­bruk re­kor­da şä­rik bol­dy. Bu oýun­da Westb­ruk 15 utuk, 11 ri­baund hem-de 17 asist gör­ke­zi­ji­ler bi­len çy­kyş et­di. Şeý­le­lik­de, ol şu möw­süm­de 34-nji, umu­my­lyk­da-da 138-nji ge­zek trip­le-do­ub­le (3 gör­ke­zi­ji­de hem 10 we 10-dan ýo­ka­ry ne­ti­je ga­zan­mak) edip, Me­jik Jon­so­nyň re­kor­dy­ny gaý­ta­la­dy.

Ten­nis-bo­ýun­ça ze­nan­la­ryň ara­syn­da ABŞ-nyň Çarls­ton şä­he­rin­de ge­çi­ri­len “Volvo Cars Open” ýa­ry­şyn­da ame­ri­ka­ly ten­nis­çi Keýz Me­di­son ýe­ňi­ji bol­dy. Ol fi­nal­da da­ni­ýa­ly Ka­ra­li­na Woz­nias­ki­ni 7:6, 6:3 ha­sap­lar bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Bu çem­pi­on­lyk Keý­ziň kar­ýe­ra­syn­da­ky 4-nji ýe­ňşi­dir. Jü­büt­ler­de ger­ma­ni­ýa­ly An­no-Le­no Gre­ne­feld bi­len pol­şa­ly Ali­seý Ro­sols­kiý fi­nal­da rus­si­ýa­ly Iri­na Hro­mo­ça­ýe­wa bi­len We­ro­ni­ka Ku­der­me­to­wa­ny 2:0 (7:6, 6:2) ýeň­di.
Hok­keý bo­ýun­ça ze­nan­la­ryň ara­syn­da Finl­ýan­di­ýa­da do­wam ed­ýän Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da ýa­rym fi­na­la çy­kan to­par­lar bel­li bol­dy. 10 ýy­gyn­dy­nyň gat­na­şan çem­pio­na­tyn­da çär­ýek fi­nal­da ABŞ Ýa­po­ni­ýa­ny 4:0, Ka­na­da Ger­ma­ni­ýa­ny 5:0, Rus­si­ýa Şweý­sa­ri­ýa­ny 3:0, ýer eýe­si Finl­ýan­di­ýa Çe­hi­ýa­ny 2:1 ýeň­di. Şu gün oý­nal­jak ýa­rym fi­nal du­şu­şyk­la­ryn­da Ka­na­da bi­len Finl­ýan­di­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry hem-de ame­ri­ka­ly we rus­si­ýa­ly gyz­lar öza­ra güýç sy­na­ny­şar­lar. 3-nji ýer üçin we fi­nal du­şu­şyk­la­ry er­tir oý­na­lar.

Kü­­rek­le­mek bo­ýun­ça iň­lis­le­riň ta­ry­hy bäs­le­şi­gi – Oks­ford we Kemb­rij uni­we­rsi­tet­le­ri­niň ara­syn­da Tem­za der­ýa­syn­da ge­çi­ril­ýän 6,8 ki­lo­metr­lik ýa­ryş­da bu ýyl kemb­rij­li ta­lyp­lar ýe­ňiş ga­zan­dy. “The Bo­at Race” ady bi­len ta­nal­ýan ýa­ryş şu ýyl 164-nji ge­zek ge­çi­ri­lip, og­lan­lar­da-da, gyz­lar­da-da kemb­rij­li­ler pel­le­ha­na öňür­ti gel­di­ler. Şeý­le­lik­de, Kemb­rij uni­wer­si­te­ti­niň og­lan ta­lyp­la­ry 84-nji, gyz ta­lyp­la­ry bol­sa, 44-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Il­kin­ji ge­zek 1829-njy ýyl­da ge­çi­ri­len ýa­ryş, 1856-njy ýyl­dan bä­ri-de yzy­gi­der­li gu­ral­ýar. Oks­for­dly og­lan­la­ryň 80, gyz­la­ryň 30 ýeň­şi bar.