Ýeňilmezligiň syry
Birwagtlar ýeňilmezek bir pälwan ýaşapdyr, ol gerek ýerinde öz güýjüni görkezmegi halaýan eken. Ol at-owazaly ähli pälwanlary – söweş sungatynyň ussatlaryny başa-baş söweşe çagyrypdyr hem-de hemişe ýeňiş gazanypdyr.
Ol bir gezek dagda ýeke özi ýaşaýan, uly ussat baradaky gürrüňleri eşidipdir. Batyr ýigit bu adamyň gözlegine çykyp, ahyry ony tapypdyr. Güýçli adama sataşaryn öýden pälwan öz külbesiniň öňünde gadymy söweş sungaty bilen türgenleşip duran gojany görüp, geň galypdyr.
– Aý, ýog-a, eýsem, sen adamlaryň şöhratlandyrýan şol beýik urşujysymy?! Görýän welin, adamlaryň arasyndaky gep-gürrüňler seniň güýjüňi has-da ösdürip görkezen ýaly-la. Hakykatda bolsa, sen gapdalyňda ýatan harsaň daşy hem ýerinden gozgap bilmersiň. Ýöne men islesem, ony göteribem, zyňybam biljek – diýip, ýaş pälwan baýrynypdyr.
– Adama daş görnüşi boýunça baha berip bolmaz. Sen meniň kimdigimi bilýäňmi, ýöne men seniň kimdigiňi, näme maksat bilen bu ýere gelendigiňi bilýän. Her gün irden men derä inip, ol ýerden harsaň daşlary getirýärin-de, ertirki maşkymyň soňunda olary süsüp döwýärin. Seniň bagtyňa bu gün şeýtmäge ýetişmedim, ýöne sen öz başarnygyňy görkezip bilersiň. Sen meni başa-baş söweşe çagyrmak isleýäň, men bolsam, şunuň ýaly ujypsyz zady başarmaýan adam bilen güýç synanyşmakçy däl – diýip, goja parahat jogap beripdir.
Öjükdirilen urşujy golaýynda ýatan äpet daşlaryň birini iki eli bilen depesine galdyryp, kellesi bilen ony pytratjak bolupdyr weli, birdenem, essi aýylyp, çiň arkan gaýdypdyr.
Ak göwünli goja işi şowlamadyk urşujyny özüne getirip, esli wagtlap ony bejeripdir. Soňra uzak ýyllap oňa üýtgeşik sungaty – güýç bilen däl-de, akyl bilen ýeňmegiň tärlerini öwredipdir.
Sanda däl-de, hilde
Hytaý emeldarlarynyň biriniň ýeke ogly bar eken. Ol edenli ýigit bolup ýetişipdir, ýöne çaksyz biperwaý eken. Oňa näme öwretmäge synanyşsalaram, erjellik görkezmeýän eken. Bilimem ýüzleýje bolupdyr. Gowy ýeri: ol surat çekmegi, fleýta çalmagy başarypdyr, ýöne çeken suratlary çeper, çalýan sazlary onçakly şirin bolmandyr.
Ýeke oglunyň bu ýagdaýyndan biynjalyk bolan atasy, ony söweş sungaty boýunça belli ussada erkiniň tutanýerli bolmagy üçin şägirtlige beripdir. Ýöne bahym şol birmeňzeş hereketi, urgyny gaýtalamak ýetginjegiň bizar-peteňini çykarypdyr. Ol ussadyna şeýle sözler bilen ýüzlenipdir:
– Halypa! Eýsem, şol bir hereketi yzygiderli gaýtalap durmak gerekmi beri?! Eýsem, maňa indi hakyky söweş sungatyny öwrenmäge wagt bolmadymy?!
Ussat oňa hiç hili jogap bermändir, diňe beýleki okuwçylar bilen bilelikde, aýdylan hereketleri gaýtalamagy buýrupdyr. Tiz wagtda ýetginjek köpsanly tärleri öwrenipdir. Günleriň bir güni ussat şägirdini ýanyna çagyryp, oňa düýrlenen kagyzy uzadypdyr:
– Şu haty kakaňa eltip ber!
Ýetginjek haty alyp, şäherde ýaşaýan kakasynyň ýanyna ugrapdyr. Şähere barýan ýoluň iki tarapy çemenzarlyk bilen gurşalyp, onuň ortasynda bolsa, haýsydyr bir goja el söweşi boýunça türgenleşik geçýän eken. Ýetginjek çemenzarlykdaky ýoldan geçýänçä, goja şol bir urgyny gaýtalamagyny dowam etdiripdir.
– Eý, goja! – diýip, ýetginjek gülüpdir:
– Sen diňe howany urýarsyň! Bu bolşuň bilen sen çaganam ýeňip bilmersiň!
Garry oňa ilki özi bilen güýç synanyşmagyny, ondan soňra gülmegini towakga edipdir. Ýetginjek teklibi kabul edipdir.
Ol on gezek goja hüjüm edipdir, ýöne goja ony on gezegem şol bir tilsimdäki el urgusy bilen urup ýykypdyr. Goja bu urgyny mundan ozal, arman-ýadaman birkemsiz kämilleşdiren eken. Onunjy gezekden soňra ýetginjegiň eýýäm söweşi dowam etdirmäge mejaly galmandyr. Goja ol ýigide garap:
– Men seni bir urguda hem serreldip bilerdim. Ýöne sen entek ýaş, kelesaň. Sen indi öz ýoluň bilen boluber! – diýipdir.
Utandyrylan ýigdekçe öýlerine baryp, kakasyna haty gowşurypdyr. Kakasy haty açyp okap, ony ogluna uzadyp, şeýle diýipdir:
– Bu saňa!
Tälimçi şeýle ýazan eken: “Kämil bir urgy, özleşdirilmedik ýüz urgudan gowudyr”.
Iň gowy täzelik
Golf boýunça ýaryş geçirilipdir. Ýeňiji köp mukdardaky pul baýragyna mynasyp bolupdyr. Şadyýan türgen öýüne gaýdyp barýarka, golf meýdançasyndan uzakda bolmadyk ýerde oňa bir aýal gabat gelip, ýeňiş gazanyp alan pulundan iň bolmanda, az-owlak bermegini sorapdyr. Ol şeýle bir gözgyny görnüpdir welin, ýeňiji aýak çekip, onuň bar gürrüňlerini soňuna çenli diňläpdir. Görüp otursa, onuň ogly näsag eken. Oňa çylşyrymly, gymmat bahaly operasiýa edilmegi zerur eken, naçaryň bolsa tölemäge puly ýok eken.
Türgeniň oňa rehimi inipdir, ähli pul sylagyny oglanjygyň saglygyny bejertmäge beripdir. Ol ýene-de birnäçe günden soň, golf meýdança dolanyp gelende, öz dostlaryna kyn güne düşen şol aýal barada gürrüň beripdir.
– Wah, saňa haýpymyz gelýär – diýip, olaryň hemmesi birden seslenipdir. Senem ol ýalançynyň emeline çolaşan ekeniň-ow! Ol seniň pullaryňy almak üçin, gör, nähili zatlary toslap tapypdyr. Gynansak-da, bu ýagdaý eýýäm, onuň birinji gezegi däl. Bagyşlaň, bu zatlary saňa ýetirip, seniň kelläňi agyrtmak bize juda agyr degýär. Ýöne biz seniň dostlaryň ahyryn.
– Onda hiç hili näsag çaga ýok-da – diýip, çempion gaýtadan sorapdyr.
– Ýok!
– Hudaýa şükür! Bu soňky hepdäniň iň gowy täzeligi ahyryn – diýip, türgen ýylgyrypdyr.
Kim gowy gylyçlaşýar?
– Iň güýçli gylyçlaşýançy kim? – diýip, urşujy öz ussadyndan sorapdyr.
– Galanyň derwezesinden aňry çyk. Ol ýerde gaýa bardyr. Seniň ol gaýanyň göwnüne degmegiňi isleýän.
– Bolýar, ýöne men näme üçin beýtmeli, gaýa jogap bermez ahyryn – diýip, türgen geňirgenipdir.
– Bolýa, onda öz gylyjyň bilen ony ur – diýip, tälimçi aýdypdyr.
– Men munam etmen. Gylyjym döwler-ä. Eger-de men ýumrugymy düwüp gaýa topulaýsamam, diňe elimi agyrdanym galar, gaýa ýetiren zyýanym bolmaz. Men senden muny soramadym. Kim iň gowy gylyçlaşýançy?
– Kim şol gaýa meňzeş bolsa, şol hem iň güýçlüdir. Çünki ol gylyjyny gynyndan çykarman, hiç kimiň özüni ýeňip bilmejekdigine baýrynyp, üstümize abanyp dur.
Tär
Bu ýaryş Britan Kolumbiýasynda geçirilipdir. Onuň finalçylary kanadaly we norwegiýaly türgenler bolupdyr. Olaryň öňünde şeýle wezipe goýlupdyr: olaryň her biri tokaýyň belli bir bölegindäki agaçlary ýykyp aýyrmaly eken. Kim ir sagat 8-den öýle sagat 4-e çenli näçe köp mukdarda agaç ýykyp bilse, şol hem ýeňiji bolar – diýlip, şert goýlupdyr.
Ir sagat 8-de jürlewük çalnypdyr, agaç kesýänler öz orunlaryny eýeläpdirler. Kanadaly norwegiýalynyň togtandygyny eşidýänçä, olar agaç ýatyrmagyny dowam etdiripdirler. Kanadaly gowy mümkinçiligiň dörändigine göz ýetirip, tagallalaryny iki esse güýçlendiripdir. Sagat 9-da kanadaly norwegiýalynyň täzeden işe girişendigini duýupdyr. Olar ýene-de tokaýy ýaňlandyryp, işe başlapdyrlar, birdenem, 10-a 10 minut galanda, kanadaly norwegiýalynyň ýene-de saklanandygyny eşidipdir. Kanadaly bäsdeşiniň gowşaklygyndan peýdalanmak isläp, ýene-de işe girişipdir.
Norwegiýaly sagat 10-da täzeden işe girişipdir. Ol 11-e 10 minut galýança, az wagtlygam işi togtatmandyr. Kanadaly eýýäm ýeňşiň golaýlandygyny duýup, öz ýanyndan begenip, şol bir depginde işlemegini dowam etdiripdir.
Bütin gün şeýle hörpde dowam edipdir. Norwegiýaly her sagatda 10 minutlyk saklananda-da, kanadaly işlemegini dowam etdiripdir. Haçan-da, bäsleşigiň gutaranlygy barada öýländen soň, göni sagat 4-de jürlewük çalnanda, kanadaly baýragyň eýýäm jübüsindedigine doly ynanypdyr. Ýöne ol özüniň ýeňlendigini eşidende, juda geň galypdyr.
– Bu nähili beýle bolýar? Men her sagatda seniň 10 minut işi togtadýandygyňy eşitdim ahyryn. Haý, jyn uran diýsänim, sen maňa seredeniňde, has köp agaç ýykmany başardyň. Bu mümkin däl ahyryn – diýip, kanadaly özelenipdir.
– Aslynda bu juda ýönekeý – diýip, norwegiýaly gönüläpdir.
– Men her sagatda 10 minut saklandym. Şol wagt sen agaç çapmagyňy dowam etdirýärkäň, menem paltamy çaldym.
Haýsysy ýeňýär?
Garry indeý agtygyna durmuş hakykatyny açyp berýär:
– Her bir adamyň içinde iki möjegiň göreşine meňzeş göreş gidýär. Bir möjekde men-menlik, tekepbirlik, göriplik, ýalançylyk, gabanjaňlyk ýaly ähli erbetlikler jemlenen. Beýleki möjekde bolsa, agzybirlik, söýgi, umyt, hakykat, şatlyk, sabyr-takatlylyk ýaly ähli gowulyklar bar.
Atasynyň aýdanlaryndan täsirlenen agtygy pikirlenip durşuna goja şeýle sowal beripdir:
– Ahyrsoňy haýsy möjek ýeňýär?
Garry indeý çalarak ýylgyrypdyr-da, şeýle jogap gaýtarypdyr:
– Hemişe seniň gowuja naharlaýan möjegiň ýeňýändir.
Toplan we terjime eden
Ýegenmämmet Taýlyýew.
“Zaman-Türkmenistan”.