Sport arkaly sagdyn nesil ýetişdirmek, sport arkaly kämil ýaşlary kemala getirmek, sport arkaly jemgyýetde sazlaşygy gazanmak möhüm işleriň biri hasaplanýar. Ylmy, ykdysady, medeni we başga-da köp ugurlarda gazanylýan ösüşleri seljerseň, sporty wagyz etmek bilen her bir jemgyýetiň hereketlendiriji güýji bolan ýaşlary işjeňleşdirmegiň netjeli ugurdygyny görmek bolýar. Bu babatda öňegidişlik gazanan ýurtlaryň tejribesi hemmelerde gyzyklanma döredýär. Sport arkaly durnukly ösüş gazanýan ýurtlaryň sanawynda ata Watanymyzyň mynasyp ornunyň bardygyny aýtmak gerek.
Häzirki wagtda fiziki işjeňligiň adamlaryň şähdiniň açyk bolmagyna, işeňňirliginiň artmagyna itergi berýändigi doly subut edildi. Bu ugurdaky ilkinji tejribeler 1970-nji ýylda geçirilipdir. Bilermenler adamlary iki topara bölüp, olaryň birine 6 hepdäniň dowamynda ylgamak, suwda ýüzmek we welosiped sürmek bilen meşgullanmagy tabşyrypdyrlar. Sport bilen yzygiderli meşgullananlaryň bir ýarym aýdan soň ruhubelentliginiň, işjeňliginiň has artandygy ýüze çykarylypdyr. Şeýle-de, olaryň kesellere durnuklylygynyň ýokarlanandygy, nerw dartgynlygyna uçramaýandyklary belli bolupdyr.
Dünýäniň öňdebaryjy ylmy merkezlerinde geçirilen ylmy barlaglaryň ýene birinde depressiýa garşy serişde ulanýan hassalara gezim etmek we maşk etmek maslahat berlipdir. Aýba-aý olaryň saglyk ýagdaýy seljerilip durlupdyr. 6 aýdan soňra sport bilen meşgullanýanlaryň bary-ýogy 10 göteriminiň bejeriji serişde ulanýandygy, galan 90 göteriminiň özlerini has oňat duýýandyklary aýdyňlaşdyrylypdyr.
Ýokarda getirilen mysallar arkaly biz sporty we bedenterbiýäni hemra edinýän adamlaryň saglygynyň berk bolýandygyna, şeýlelikde, sagdyn jemgyýetiň kemala gelýändine şaýat bolýarys.
Oraz GARLYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.