Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da sport ab­ra­ýy bar­ha be­len­de gal­ýan ýur­du­myz­da bu ul­ga­my ös­dür­mek bo­ýun­ça uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.Di­ýa­ry­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de hal­ka­ra hil ül­ňü­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­ýän kö­pu­gur­ly sport des­ga­la­ry, be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş top­lum­la­ry he­re­ket ed­ýär. Olar ra­ýat­la­ry­my­zyň, esa­sa­nam, ýaş­la­ryň ge­lim-gi­dim­li ýer­le­ri­ne öw­rül­ýär. Bu sport mak­sat­ly des­ga­lar­da her ýyl ge­çi­ril­ýän bäs­le­şik­ler türk­men tür­gen­le­ri­niň hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­na gat­naş­mak­la­ry­na ýar­dam ed­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da sport ul­ga­my­ny ös­dür­mek ba­bat­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­na hem giň ge­rim be­ril­ýär. Spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça tür­gen­le­ri ýe­tişdir­mek, dür­li hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ýa­ryş­la­ry gur­na­mak ba­bat­da iş­ler ta­la­ba­la­ýyk do­wam et­di­ril­ýär. Mu­ňa ýur­du­my­zyň sport ul­ga­my­nyň de­giş­li eda­ra­la­ry­nyň da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ry bi­len gur­na­ýan wi­deo mas­la­hat­la­ryn­dan hem göz ýe­tir­mek bol­ýar. Go­laý­da 2021-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän we­lot­rek bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­na gö­rül­ýän taý­ýar­ly­ga ba­gyş­la­nan on­laýn gör­nüş­dä­ki du­şu­şyk Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­niň we We­lo­si­ped­çi­le­riň hal­ka­ra bir­le­şi­gi­niň (UCI) ara­syn­da ge­çi­ril­di. On­da bu dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ge­çir­mek hem-de tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bu me­se­le­de Aş­ga­ba­dyň aja­ýyp müm­kin­çi­lik­le­ri­niň bar­dy­gy aý­ra­tyn bel­le­nil­di. Hu­su­san-da, paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si özü­niň giň müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len tür­gen­le­şik­ler we dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ge­çir­mek ba­bat­da hem amat­ly sport des­ga­sy­nyň bi­ri­di­gi bel­le­ni­lip ge­çil­di. Hü­nä­ri­ne ök­de da­şa­ry ýurt­ly tä­lim­çi­ler türk­men we­lo­si­ped­çi­le­ri­niň taý­ýar­ly­gy ba­bat­da öza­ra hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di­ler.
Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy bo­lan ata Wa­ta­ny­myz­da spor­tuň äh­li gör­nüş­le­ri giň ge­rim­de ös­dü­ril­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da spor­tuň we­los­port gör­nü­şi hem ýur­du­myz­da giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Eziz Di­ýa­ry­myz­da we­lo­si­ped spor­ty hem uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar, spor­tuň bu gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­ma­ga is­leg bil­dir­ýän­le­riň sa­ny gün-gün­den art­ýar. Türk­men ýaş­la­ry­na gö­rel­de bol­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len 3-nji iýun Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni hök­mün­de dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň baý­ram­çy­lyk­la­ry­nyň sa­na­wyn­da öz my­na­syp or­nu­ny al­dy.
«Sport dost­lu­gyň il­çi­si» di­ýip bel­le­ýän hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sport sy­ýa­sa­ty bü­tin dün­ýä­de da­ba­ra­lan­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýur­du­my­zyň sport ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny döw­re­bap de­re­je­de ös­dür­mek ba­bat­da ed­ýän ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz iri sport ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Azi­ýa yk­ly­my­nyň iri sport ýa­ry­şy – Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ýo­ka­ry de­re­je­de gur­nan ýur­du­myz «Amul-Ha­zar» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ni, agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­ny gur­nap, hal­ka­ra sport jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ara­syn­da uly ab­raý­dan peý­da­lan­ýar. Gel­jek ýyl­lar­da hem ýur­du­myz­da ge­çi­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan iri sport ýa­ryş­la­ry ata Wa­ta­ny­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­ma­ga my­na­syp go­şan­dy­ny go­şar.
Ra­hat An­na­gel­di­ýew,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.