Şu gün mundan 60 ýyl ozal futbol boýunça Ýewropanyň ilkinji çempiony belli bolýar. Fransiýada geçirilen çempionatyň finalynda SSSR bilen Ýugoslawiýanyň ýygyndylary duşuşýar. Çekeleşikli geçen oýunda ozalky Soýuzyň ýygyndysy goşmaça wagtda 2-1 hasabynda ýeňýär. 56 ýyl soň Fransiýada geçirilen 15-nji Ýewropa çempionatynda bolsa, Portugaliýanyň ýygyndysy ýeňiş gazanýar. Portugallar goşmaça wagtda Ederiň ýeke-täk goly bilen ýer eýeleri Fransiýany 1-0 hasabynda utýar. Mahlasy, Fransiýa özlerinde geçirilen ilkinji we häzirlikçe soňky Ýewropa çempionatlarynda çempionlyk gazanyp bilmeýär. Fransiýa 1984-nji ýylda ýene-de Fransiýada geçen ýaryşda bolsa kubogy alýar.

Mundan 2 ýyl ozal şu gün super ýyldyz Kristiano Ronaldo Real Madridden Ýuwentusa transfer bolýar. Şeýle-de şu gün irki ýyllaryň meşhur tennisçisi Arture Aşeniň, braziliýaly futbolçy Edmilsonyň, germaniýaly hüjümçi Mario Gomeziň, zenan futbolynyň ýyldyzlaryndan Ada Hederbergiň doglan günleri.   

10-njy iýul

1943 – Amerikaly meşhur tennisçi Artur Aşe dünýä inýär.

1960 – Futbol boýunça Fransiýada geçirilen 1-nji Ýewropa çempionatynyň finalynda ozalky SSSR-iň ýygyndysy Ýugoslawiýany goşmaça wagtda 2-1 hasabynda ýeňip, ilkinji çempion bolýar.

1976 – Braziliýaly futbolçy Edmilson dünýä inýär.

1985 – Germaniýaly futbolçy Mario Gomez dünýä inýär.

1995 – Norwegiýaly futbolçy, zenanlaryň arasynda ilkinji bolup “Altyn top” baýragynyň eýelän Ada Hederberg dünýä inýär.

1999 – ABŞ-da geçirilen zenanlaryň arasyndaky Dünýä Kubogynyň finalynda ABŞ-nyň ýygyndysy Hytaýdan üstün çykýar (0-0, 5-4 p).

2016 – Fransiýada geçirilen futbol boýunça 15-nji Ýewropa çempionatynyň finalynda Portugaliýanyň ýygyndysy Fransiýany goşmaça wagtda 1-0 ýeňýär. Fransiýa 1960-njy ýyldan soň, özlerinde geçirilen 2-nji çempionatda-da çempionlyk gazanyp bilmeýär.

2018 – Portugaliýaly super ýyldyz Kristiano Ronaldo Real Madridden Ýuwentusa transfer bolýar.