Soňky minutda gelen üstünlik

Sportuň taryhynda şu günüň iň esasy wakasy 2000-nji ýylda Belgiýa bilen Niderlandlaryň bilelikde guran 11-nji Ýewropa çempionatynyň final duşuşygydyr. Italiýa bilen Fransiýanyň arasynda Rotterdamdaky De Kuip stadionynda oýnalan finalyň 1-nji ýarymy golsuz tamamlanýar. 2-nji ýarymda Marko Delwekkionyň goly bilen öňe geçen italýanlar 90-njy minutdan soň, oýnuň tamamlanmagyna garaşyp durkalar, garaşylmadyk gol bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Wiltordyň hasaby deňlemeginden soň, goşmaça wagtda-da Dewid Trezege Altyn gol bilen toparyna ýeňiş getirýär. 

Şeýle-de şu gün amerikaly meşhur zenan futbolçy, hemişe metbugatyň üns merkezinden düşmeýän owadan türgen Aleks Morganyň hem doglan güni.

 

1966 – Türkiýäniň Antalýaspor futbol kluby esaslandyrylýar.

1989 – Amerikaly futbolçy zenan Aleks Morgan dünýä inýär.

2000 – Futbol boýunça Belgiýa bilen Niderlandlarda geçirilen 11-nji Ýewropa çempionatynyň finalynda Fransiýanyň ýygyndysy Italiýany 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär.

2017 – Filippinli boksçy Menni Pakiýao awstraliýaly boksçy Jeff Horny ýeňlişe sezewar edýär we orta agramda WB0-nyň çempionlygyny gazanýar.