Şu gün dünýä futbolynyň ägirtlerinden diýlip görkezilýän, “Realyň” irki ýyllarda gazanylan Çempionlar ligasy kubogynda esasy rol oýnan asly argentin bolan ispaniýaly Alfredo Di Stefanonyň doglan güni.

Şeýle-de 1954-nji ýylda Şweýsariýada geçirilen 5-nji Dünýä Kubogynyň finalynda Günbatar Germaniýanyň ýygyndysy Wengriýada üstün çykýar. Çekeleşikli geçen oýunda wengerler 2-0 (Puşkaş 6, Sibor 8) öňe saýlansa-da, dessine hasaby deňlän nemesler (Morlok 10, Ran 18),  84-nji minutda Ranyň goly bilen ýeňiş gazanmagy başardy. 2004-nji ýylda Portugaliýada geçirilen 12-nji Ýewropa çempionatynyň finaly-da garaşylmadyk ýagdaýda tamamlandy. Finala çenli 1 golly ýeňişler gazanan Gresiýa finalda-da şol başarnygyny gaýtalady. Taryhynda 2-nji gezek gatnaşýan grekler kubogyň esasy faworiti, ýer eýesi Portugaliýany Haresteýasyň ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňip, taryhy çempionlyk gazandy we hemmäni geň galdyrdy. Ýene bir ýatda galan çempionatlaryň biri-de Kopa Amerikanyň finalynda Çiliniň Messili Argentinany ýeňmegi bolýar. Esasy we goşmaça wagtlary golsuz geçen finalda penaltileri has dürs ýerine ýetiren Çili ilkinji gezek yklymy kubogyny eýeleýär.

4-nji iýul

1926 – Asly argentin bolan ispaniýaly meşhur futbolçy hem-de tälimçi Alfredo Di Stefano dünýä inýär.

1954 – Futbol boýunça Şweýsariýada geçirilen 5-nji Dünýä Kubogynyň finalynda Günbatar Germaniýanyň ýygyndysy Wengriýany 3-2 hasabynda ýeňýär.

1993 – “Wimbledon” tennis ýaryşynda erkekleriň arasyndaky finalda amerikaly Pit Sampras watandaşy Jim Kurieri 3:1 hasap bilen ýeňýär. Bu onuň “Wimbledondaky” 7 çempionlygyny ilkinjisi bolýar.

1999 – Angliýaly meşhur futbolçy Dewid Bekham tanymal aýdymçy Wiktoria Bekham bilen Irlandiýada durmuş toýuny edýär.

2004 – Futbol boýunça Portugaliýada geçirilen 12-nji Ýewropa çempionatynyň finalynda Gresiýanyň ýygyndysy ýer eýeleri Portugaliýany 1-0 hasabynda ýeňýär. 

2015 – Çilide geçirilen Kopa Amerika ýaryşynyň finalynda Çiliniň ýygyndysy Argentinadan üstün çykýar (0-0, 4-1 p).