Şu ýylyň 23–24-nji maýynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriljek Halkara ynsanperwerlik sammitine 45 döwletiň ýolbaşçysynyň gatnaşjakdygy habar berildi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ynsanperwerlik meseleleri boýunça orunbasary Stiwen O’Braýen habarçylara beren beýanatynda mälim etdi.
Onuň aýtmagyna görä, ilkinji gezek geçirilýän bu sammite 80 döwletden ýokary derejeli wekilýetiň gatnaşjakdygy habar berildi. Şol döwletleriň 45-isi ýurduň ýolbaşçysy tarapyndan wekilçilik edýär. Umuman, bu ýokary derejedäki maslahata 6 müňe golaý wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar.
BMG-niň Baş sekretarynyň aýtmagyna görä, Stambuldaky maslahat mundan ozalkylardan tapawutly bolar. Bu ýerde döwletlerden maliýe kömegini ýygnamak göz öňünde tutulmaýar. Dünýä döwletleriniň ünsüni gumanitar meselelerine çekmek meýilleşdirilýär.
BMG-niň maglumatyna görä, häzirki wagtda dünýäde 60 milliona golaý bosgun bar. Şeýle hem soňky ýyllarda 218 milliondan gowrak adam her ýyl bolup geçýän tebigy betbagtçylyklardan ejir çekýär.