Ene ýerden önýän dürli gök önümler adam saglygy üçin peýdaly taraplary bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda şeýle gök ekinleriň biri bolan şugundyr lukmanlaryň üns merkezinde durýar. Lukmanlar onuň dürli howply döremelerden, semizlikden we huşsuzlykdan goraýandygyny belleýärler. Şeýle hem şugundyr immun ulgamyny hem güýçlendirýär.
Şugundyryň düzümindäki işjeň birleşikleri, olaryň hatarynda foliý kislotasy (witamin B9) beýniniň kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirýär. Mundan başga-da, şugundyr yzygiderli iýlen halatynda ol huşsuzlygyň hem öňüni alýar. Semizlik barada aýdylanda bolsa, bilermenler horlanmagy tizleşdirmek üçin şugundyr şiresini içmegi maslahat berýärler. Ol bagry dürli howplardan goraýar. Bulardan başga-da, şugundyr ýürek üçin hem peýdalydyr, düzümindäki antioksidantlaryň ýokary derejesi bilen dürli howply döremelerden goraýar.
Akmyrat ÝAGŞYMYRADOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.