Ispaniýanyň çempionatynda soňky 11 ýyldaky Messisiz hem-de Ronaldosyz ilkinji “El Klasikoda” “Barselona” öz meýdançasynda “Real Madridi” 5–1 hasabynda ýeňdi. Luis Suaresiň het-trik (30 p, 75, 83) eden oýnunda katalonlaryň beýleki 2 goluny-da Koutinio (11) bilen Widal (87) derwezä girizdi. “Realyň” ýeke-täk pökgüsini-de 50-nji minutda Marselo geçirdi. Braziliýaly goragçy madridlileriň geçiren soňky 4 golunyň 3-sini öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, Zinedin Zidandan soň, wezipä bellenen Hulien Lopetegi 138 günden soň, toparyň tälimçiliginden boşadyldy. Ol toparyň prezidenti Florentino Pereziň döwründe (15 ýyl) iň az ýeňiş gazanan tälimçi boldy. Lopeteginiň ornuna ýaşlar toparynyň tälimçisi Santiago Solari wagtlaýynça wezipä bellendi. “Real Madridiň” baş tälimçisi öňümizdäki günlerde belli bolar. Bu ugurda Mihael Laudrup, Loran Blan, hatda Santiago Solariniň özi, Antonio Konte, Guti Hernandes dagynyň atlary agzalýar. “Real Madrid” 10 oýunda 14 utuk toplap, 9-njy hatarda barýar.