ABŞ-nyň suwuklandyrylan gazynyň ilkinji tapgyry Panama kanalynyň üsti bilen Hytaýa gelip gowuşdy. Kanalyň durkunyň täzeden dikeldilmegi ABŞ-nyň gazyny Aziýa bazaryna iberýänler üçin örän amatly ugur boldy. Bu barada “Wall Street Journal” gazeti habar berýär.
Ýük gämisi “Royal Dutch Shell” kompaniýasy tarapyndan kireýine tutuldy. Ol Meksikan bogazyndaky “Sabine Pass” eksport terminalyndan Hytaýyň günortasyndaky Ýantýan portuna ugradyldy. Ol ýerde Hytaýyň “China National Offshore Oil Corp” kompaniýasy tarapyndan satyn alyndy.
Panama kanalynyň giňeldilmegi bilen bu ugurdaky söwda artdyryldy. Ol hem ýüküň eltilýän wagtynyň azalmagyna hem-de bahasynyň pese gaçmagyna mümkinçilik berdi.
Täze ugur bilen ABŞ-dan Demirgazyk Aziýa 20 günde baryp bolar. Ulag çykdajylary ep-esli azalar. Suwuklandyrylan gazyň ilkinji tapgyrynyň gowuşmagy mundan soňra onuň möçberiniň artmagyna şert döreder.
ABŞ öz gazyny ilkinji gezek fewral aýynda eksport edip başlapdy. Şonda “Cheniere Energy” kompaniýasy Braziliýa suwuklandyrylan gazyň ilkinji tapgyryny iberdi. Aprel aýynda birinji tanker Ýewropa geldi. Iýun aýynda Panama kanaly täzeden ulanmaga berildi. Onuň taslamasynyň üstünde 9 ýyl işlendi. Häzir bu ýerden has uly gämiler geçýär.