Aras­sa su­wuň el­ýe­ter­li­li­gi di­ňe bir adam sag­ly­gy üçin däl, eý­sem, beý­le­ki jan­ly-jan­dar­la­ryň ýa­şaý­şy üçin hem örän äh­mi­ýet­li­dir. Şol se­bäp­li aras­sa agyz su­wy bilen üp­jün et­mek üçin dür­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Go­laý­da hy­taý­ly hü­när­men­ler su­wy aras­sa­la­ma­gyň örän tä­sir­li we daş­ky gur­şaw üçin peý­da­ly usu­ly­ny oý­lap tap­dy­lar. Ýö­ri­te ma­te­ri­al­dan ýa­sa­lan iki gat­lak­ly enjam ýü­zü­ne ult­ra­me­lew­şe yşyk ser­pik­dir­mek ar­ka­ly 10 litr­lik su­wy bir sa­gat­da aras­sa­la­ýar. Şeý­le­lik­de, zy­ýan­ly bak­te­ri­ýa­lar tu­tuş­ly­gy­na di­ýen ýa­ly ýit­ýär. Su­wy aras­sa­la­ma­gyň hä­zir­ki tär­le­ri­niň ýe­ri­ni tut­jak­dy­gy aý­dyl­ýan bu usu­l has hem kä­mil­leş­di­ril­er. Yl­my iş ba­ra­da ýa­zy­lan ma­ka­la­nyň aw­tor­da­şy Dan Wang gel­jek­de bu usu­lyň glo­bal ener­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni hem ara­dan aýyr­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ni bel­le­ýär.
Bu teh­no­lo­gi­ýa şöh­lä­ni özü­ne çe­kip, suw­da hi­mi­ki tä­sir­leş­mä­ni çalt­lan­dyr­ýar. Bu tä­sir­leş­me­ler mik­ro­or­ga­nizm­le­ri ýok ed­ýän mo­le­ku­la­la­ry dö­red­ýär.
Aw­tor­lar bu usul­da iş­le­ýän en­ja­my köp­çü­lik­le­ýin ön­dür­me­giň gym­ma­da düş­me­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.