Köp­le­ri haý­ra­na goý­ýan dün­ýä­dä­ki owa­dan der­ýa­la­ryň bi­ri bo­lan Arag­wi der­ýa­sy Gru­zi­ýa­nyň çä­gin­den geç­ýär. Bu der­ýa öz göz­ba­şy­ny Kaw­kaz dag­la­ryn­dan alyp gaýd­ýar. Geň gal­dyr­ýan ýe­ri derýa­dan iki reňk­li su­wuň ak­ma­gy­dyr. Arag­wi der­ýa­sy iki şa­ha bö­lü­nip, bi­ri Tet­ri Arag­wi (“Ak Arag­wi”), beý­le­ki­si bol­sa Şa­wi Arag­wi (“Ga­ra Arag­wi”) diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Bu der­ýa­lar Gru­zi­ýa­nyň Mshe­ta-Mtia­ne­ti we­la­ýa­ty­nyň Pa­sa­nau­ri şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da bir­leş­ýär­ler. Şol se­bäp­li hem, bu ýe­re her ýyl­da müň­ler­çe sy­ýa­hat­çy ba­ryp gör­ýär. Sy­ýa­hat­çy­lar bu ýer­de bir­leş­ýän, em­ma suw­la­ry go­şul­ma­ýan Ak Arag­wi we Ga­ra Arag­wi der­ýa­la­ry­ny haý­ran gal­mak bi­len syn­la­ýar­lar. Der­ýa­la­ryň go­şul­ýan ýe­ri “Mtkwa­ri” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Iki der­ýa go­şu­lan­dan soň­ra onuň ady di­ňe Arag­wi bol­ýar. Der­ýa­nyň uzyn­ly­gy 112 km-e deň bo­lup, suw­da ge­ze­lenç et­me­gi ha­la­ýan­la­ryň üýşýän ýe­ri­dir.
Bu der­ýa­la­ryň suw­unyň bir­le­şen­den soň­ra hem go­şul­man, iki reňk­li bolup ak­ma­gy köp­ler üçin tä­sin zat bo­lup gö­rün­ýär. Alym­la­r mu­nuň se­bä­bi­ni her aka­ba­nyň su­wu­nyň du­ru­ly­gy­nyň, dy­kyz­ly­gy­nyň, ýy­ly­ly­gy­nyň we elekt­rik ge­çi­ri­ji­li­gi­niň ta­pa­wut­ly bol­ma­gy bi­len dü­şün­dir­ýär­ler. Şol se­bäp­li hem bu der­ýa­lar bir­leş­se­ler-de, ep-es­li ara­ly­ga çen­li suw­y ga­ryş­man ak­ýar. Has tä­sin ýe­ri bol­sa, der­ýa­la­ryň suw­u­nyň akyş tiz­li­gi hem deň däl­dir.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, iki gör­nüş­li su­wuň go­şul­man dur­ýan ýer­le­ri baş­ga-da köp ga­bat gel­ýär. Em­ma ola­ryň kö­pü­si der­ýa­la­ryň deň­ze guý­ýan ýer­le­rin­de bol­ýar. Se­bä­bi dag ge­riş­le­rin­den gyr­man­ça­la­ry alyp gaýd­ýan der­ýa­nyň süý­ji su­wy deň­ziň du­ry hem-de şor su­wu­na aň­sat­lyk bi­len ga­ryş­ma­ýar. Şeý­le ýer­ler­de me­le hem-de gök reňk­li su­wuň ta­pa­wudy has aý­dyň gö­rün­ýär. Em­ma Arag­wi der­ýa­syn­da­ky ýa­ly akar su­wuň bi­rik­me­ýän ýe­ri ga­ty seý­rek duş­ýar.

Seý­li Ary­şow, Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň
Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.