Hokkeý boýunça Germaniýanyň Köln şäherinde hem-de Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilen 81-nji Dünýä çempionatynda Şwesiýanyň ýygyndysy ýeňiş gazandy. Şwedler Kölndäki “Lanksess Arenada” oýnalan finalda Kanadanyň ýygyndysyndan penaltilerden soň, üstün çykdy. Oýnuň 1-nji periodynda hasap açylmady. 2-nji periodyň ahyrky minutynda Wiktor Hedman şwedleri öňe saýlady. 3-nji periodyň 2-nji minutynda-da Raýan O’Reilli hasaby deňledi. Şunlukda, oýnuň esasy wagty deňlikde tamamlandy (1–1). Oýundan soňky penaltilerde 2 gol artykmaçlyk gazanan Şwesiýanyň ýygyndysy taryhyndaky 10-njy çempionlygyny baýram etdi. Şwesiýanyň ýygyndysy mundan öň, 1953, 1957, 1962, 1987, 1991, 1992, 1998, 2006, 2013-nji ýyllarda ýeňiş gazanypdy. Penaltileriň hiç birini-de takyk ýerine ýetirip bilmedik Kanada bassyr 2 altyndan soň, bu ýyl kümüş medal bilen kanagatlanmaly boldy. 14-nji sapar kümüş medal gazanan Kanada ýarym finalda Russiýany 4–2, Şwesiýa bolsa, başga bir Skandinaw wekili Finlýandiýany 4–1 hasabynda utupdy. Baýrakly 3-nji ýer ugrunda Russiýa Finlýandiýany 5–3 hasabynda ýeňip, 9-njy gezek bürünç medaly eýeledi. Çempionatyň iň gymmatly oýunçysy diýlip, Şwesiýanyň hüjümçisi William Nýulender saýlandy. Russiýaly Artemiý Panarin iň netijeli oýunçy boldy (17). Hokkeý boýunça Dünýä çempionaty geljek ýyl Daniýanyň Kopengagen we Herning şäherlerinde geçiriler.
Ilkinji sapar 1920-nji ýylda geçirilip başlanan çempionatda Russiýanyň 27, Kanadanyň 26, Çehiýanyň 12, Şwesiýanyň 10, Finlýandiýadyr ABŞ-nyň 2, B. Britaniýa hem-de Slowakiýanyň 1 çempionlygy bar.