Şwe­si­ýa­da No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça al­ter­na­tiw baý­ra­gy­na as­ly gwadelupaly fran­suz zenan ýa­zy­jy­sy Ma­ris Kon­de my­na­syp bol­dy. Ol bir­nä­çe meş­hur ro­man­la­ryň, şol san­da, “Men Ti­tu­ba, Sa­le­ma­nyň ga­ra aý­jy­ny” (1986), “Se­gu” (1987), “Be­ýik­lik” (1998) we beý­le­ki eser­le­riň aw­to­ry­dyr. Tä­ze aka­de­mi­ýa­nyň baý­ra­gy ýa­zy­ja däp-des­sur­la­ra, me­de­ni mi­ra­sa we ko­lo­nia­lizm döw­rü­ne iç­gin ara­la­şan­ly­gy üçin gow­şu­ryl­dy. Baý­ra­ga Ma­ris Kon­de­den baş­ga ýe­ne-de iki finalçy – iň­lis ýa­zy­jy­sy Nil Geý­man we ka­na­da-wýet­nam ýa­zy­jy­sy Kim Thui saýlandy. Ýa­pon ýa­zy­jy­sy Ha­ru­ki Mu­ra­ka­mi hem finalçylaryň arasyndady, ýö­ne ol bu baý­ra­gy al­mak­dan ýüz dön­der­di.
Ede­bi­ýat bo­ýun­ça al­ter­na­tiw No­bel baý­ra­gy Şwe­si­ýa­nyň me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri ta­ra­pyn­dan esa­sy baý­ra­gyň or­nu­na esas­lan­dy­ryl­dy. Onuň baý­rak gaz­na­sy 1 mil­li­on kro­na (112 müň dol­lar) ba­ra­bar. Şeý­le­lik­de, No­be­liň al­ter­na­tiw fi­nal­çy­la­ry­ny Tä­ze aka­de­mi­ýa gir­ýän 100-den gow­rak žur­na­list, ýa­zy­jy, akt­ýor we beý­le­ki me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri açyk ses ber­mek ar­ka­ly saý­la­dy­lar. Al­ter­na­tiw baý­ra­ga je­mi 47 sa­ny ta­ny­mal aw­tor hö­dür­le­nip, ola­ryň ara­syn­dan di­ňe fi­na­la dör­dü­si saý­la­nyp alyn­dy. Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, şu ýyl 2018-nji ýyl üçin No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy kä­bir se­bäp­le­re gö­rä be­ril­me­di.