10-njy aw­gust­da Hy­taý “Gao­fen-3” at­ly Ýe­riň üs­tü­ni öw­ren­ýän ýo­ka­ry du­ru­lyk­da­ky tä­ze hem­ra ara­gat­na­şyk en­ja­my­ny uçur­dy. Bu hem­ra ara­gat­na­şyk en­ja­my “Long March-4C” at­ly ra­ke­ta gö­te­ri­ji bi­len Şan­si we­la­ýa­tyn­da­ky Taý­ýu­an kos­mod­ro­myn­dan uçu­ryl­dy. Ýo­ka­ry du­ru­ly­ga eýe bo­lan bu hem­ra ara­gat­na­şyk en­ja­my Ýe­riň üs­tü­niň giň ge­rim­li fo­to­su­rat­la­ry­ny dü­şür­mä­ge ukyp­ly­dyr. Se­kiz ýyl ulan­ma­ga ni­ýet­le­nen bu en­jam gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da is­len­dik ho­wa şert­le­rin­de iş­le­mä­ge ukyp­ly­dyr. Bu hem­ra ara­gat­na­şyk en­ja­my te­bi­gy ha­dy­sa­la­ry, me­teo­ro­lo­gik çak­la­ma­la­ry, suw gor­la­ry­nyň ýag­da­ýy we daş­ky gur­şaw ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry al­mak­da peý­da­la­ny­lar.
Şo­nuň ýa­ly hem Hy­taý 7-nji aw­gust­da Sy­çu­an we­la­ýa­tyn­da ýer­leş­ýän kos­mod­rom­dan mo­bil ara­gat­na­şyk hem­ra­sy­ny uçur­dy. En­ja­my or­bi­ta çy­kar­mak üçin iň agyr ra­ke­ta­la­ryň nes­lin­den bo­lan “Çanç­žen-3B” ula­nyl­dy. “Týan­tun -01” Hy­ta­ýyň kos­mos mag­lu­mat ul­ga­my­nyň esa­sy bö­lek­le­ri­niň bi­ri bo­lar.
Bu­lar­dan baş­ga-da, ABŞ-nyň ra­ke­ta gö­teri­ji­si “Falcon-9”-yň şu ýy­lyň okt­ýabr aýy­nyň ahy­ryn­da kos­mos en­jam­la­ry­nyň re­kord sa­ny­ny or­bi­ta alyp çyk­jak­dy­gy bel­li bol­dy. “Falcon-9” ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­nyň Wan­den­berg awia­ba­za­syn­dan birbada 90 sa­ny hem­ra ara­gat­na­şyk en­ja­my­ny Ýe­riň or­bi­ta­sy­na alyp çy­kar.