Şweýsar sagat öndürijisi “Tissot” täze “akylly” sagady “SMART-TOUCH” modelini tanyşdyrdy. Ygtybarlylygy bilen tanalýan şweýsar sagatlaryna bolan ynam oňa bolan islegi artdyrýar. Smartfonlar bilen baglanyşdyryp ulanmaga hem mümkinçilik döredýän “SMART-TOUCH”-yň ululygy 45 mm. “Tissot T-Touch Solar” modeline meňzeş edilip taýýarlanan sagat has ýokary tehnologiýany özünde jemleýär.
Zarýady bir ýyla ýetýär
Gün şöhlesi arkaly öz-özüne zarýad berip bilýän sagat bir ýyla çenli ýagtylygyň ýok ýerinde hem işläp bilýär. Sagadyň gabarasynyň we bagynyň dürli görnüşleri bar. Bu sagady GPS arkaly nawigasiýa, kompas, ýylylyk, beýiklik, basyş we howa ýagdaýyny ölçeýji hökmünde hem ulanyp bolýar.