Ener­gi­ýa ze­rur­ly­gy­ny aras­sa çeş­me­ler­den üp­jün et­mek üçin iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýän Gol­lan­di­ýa De­mir­ga­zyk deň­zin­de üç sa­ny tä­ze ýel ener­gi­ýa be­ket­le­r top­lu­my­ny gur­ma­gy mak­sat edin­ýär. Tä­ze des­ga­lar Shir­mon­ni­kog ada­sy­nyň hem-de Pet­ten we Eým­ýoý­den şä­her­le­ri­niň go­la­ýyn­da kenardan birnäçe kilometr uzakda ýer­le­şer. Ola­ryň gur­lu­şy­gy­na 2024-nji ýyl­da ba­dal­ga ber­ler. Ýurt­da ener­gi­ýa­ny ýel be­ket­le­ri ar­ka­ly üp­jün et­mek üçin hä­zi­re çen­li bir­nä­çe tas­la­ma dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Gol­lan­di­ýa 2030-njy ýy­la çen­li sarp ed­ýän ener­gi­ýa­sy­nyň 40 gö­te­ri­mi­ni di­ňe De­mir­ga­zyk deň­zin­dä­ki ýel be­ket­le­rin­de ön­dü­rer. Bu ýer­den alyn­ýan elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň muk­da­ry 2023-nji ýyl­da 4,5 gi­ga­wat­ta ýe­ter. Tä­ze gu­rul­jak des­ga­lar bu gör­ke­zi­ji­ni 7 gi­ga­wat­ta ýe­ti­rer. Bu be­ket­le­riň gur­lu­şy­gy üçin 20 mil­liard ýew­ro möç­be­rin­de se­riş­de sarp edi­ler. Gur­lu­şyk­lar 10 müň ada­my iş bi­len üp­jün eder. Ýew­ro­pa­da ýel­den alyn­ýan ener­gi­ýa­nyň 25 gö­te­ri­mi bu ýurt­da ön­dü­ril­ýär. Nor­we­gi­ýa­nyň we Şwe­si­ýa­nyň ener­gi­ýa şe­re­ket­le­ri tä­ze des­ga­la­ry gur­ma­ga is­leg bil­dir­ýär.