17-nji iýun­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň
A. Ny­ýa­zow şaýolunyň ug­run­da hem-de Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gum­dag şä­he­rin­de Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň söw­da dü­kan­la­ry­nyň tä­ze top­lu­my açyl­dy. Tä­ze dü­kan­lar­da Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ril­ýän eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa we ýo­ka­ry hil­li, içe­rki we da­şar­ky ba­zar­lar­da uly is­le­ge eýe bo­lan dok­ma önüm­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri aly­jy­la­ra hö­dür­le­nil­ýär.
Dü­kan­lar­da soň­ky dö­wür­de giň meş­hur­ly­ga eýe bo­lan mil­li söw­da ny­şan­ly ha­ryt­la­ry sa­tyn al­mak müm­kin­dir. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Gök­de­pä­niň dok­ma top­lu­my­nyň “Ga­la”, Aş­ga­ba­dyň dok­ma top­lu­my­nyň “Go­za”, Türk­men­ba­şy jins top­lu­my­nyň “Be­dew” ha­ryt ny­şan­ly önüm­le­ri, Ma­ry­nyň “Ýe­ňiş” tikin fab­ri­gi­niň, Aş­ga­ba­dyň pan­bar­hat ma­ta­sy­ny ön­dür­ýän fab­ri­gi­niň we beý­le­ki­le­riň önüm­le­ri bar.
Ýur­du­my­zyň di­zaý­ner­le­ri öz iş­le­rin­de ila­tyň möw­süm­le­ýin is­leg­le­ri­ni na­zar­da tu­tup, dün­ýä me­ýil­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, ly­bas­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­ýar­lar we önüm­çi­li­ge hö­dür­le­ýär­ler. Er­kek­ler we ze­nan­lar üçin to­mus möw­sü­mi­ne ni­ýet­le­nen egin-eşik­ler, şeý­le hem her bir ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry ha­sa­ba al­nyp hem-de mil­li be­zeg­le­riň gör­nüş­le­ri peý­da­la­ny­lyp, ta­lyp­lar üçin ön­dü­ril­ýän sport ly­bas­la­ry uly is­le­ge eýe bo­lar.

Ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry tä­ze dü­kan­lar­da öz is­län ha­ryt­la­ry­ny nagt we nagt däl gör­nüş­de ha­sap­laş­mak ar­ka­ly sa­tyn alyp bi­ler­ler. Bu ýer­de dür­li ýaş­da­ky adam­lar – ça­ga­lar, şeý­le hem ulu­lar üçin ni­ýet­le­nen ha­ryt­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri ýur­du­myz­da ön­dü­ri­len önüm­le­ri sa­tyn al­ma­ga uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän aly­jy­la­ryň is­leg­le­ri­niň iç­gin öw­re­nil­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr. Mu­nuň özi şeý­le hem öz ösü­şin­de ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­ni ugur edin­ýän ýur­du­my­zyň dok­ma se­na­ga­ty­nyň ýe­ten be­lent sep­git­le­ri­niň be­ýa­ny­dyr.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň dok­ma se­na­ga­ty mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­da­gy­nyň ok­gun­ly ösü­şi­niň my­sa­ly­na öw­rül­di. Hor­mat­ly Prezidentimi­ziň gör­kez­me­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da bu ul­gam­da pu­dak­da bar bo­lan kuw­wat­lyk­la­ry do­ly peý­da­lan­mak bo­ýun­ça we­zi­pe­le­ri çöz­mek, ýer­li çig mal se­riş­de­le­ri esa­syn­da dür­li gör­nüş­li we bäs­le­şi­ge ukyp­ly önüm­le­riň önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly kär­ha­na­la­ry dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len yzy­gi­der­li iş­ler ge­çi­ril­ýär.
Bu ul­ga­myň önüm­çi­lik bin­ýa­dy­nyň yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy hem-de gaý­ta­dan en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de soň­ky ýyl­lar­da hal­ka­ra hil ül­ňü­le­ri­ne we eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän taý­ýar önüm­le­riň gör­nüş­le­ri yzy­gi­der­li art­dy­ryl­ýar, şo­nuň ne­ti­je­sin­de hem olar da­şyn­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň ýe­ri­ni my­na­syp eýe­le­ýär­ler. Şu şan­ly wa­ka hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Agajan ÝAZGYLYJOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.