14-nji martda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty geçirildi,
onda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi.
Gün tertibine laýyklykda, deputatlaryň garamagyna “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ol maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna halk hojalygynyň pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli ähli ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde, edaralarda we kärhanalarda elektron resminama dolanyşygy ulgamy hem-de Internet web-saýtlary dörediler. Şeýle işleri hususy kärhanalar hem ýerine ýetirmeli bolarlar.
Şunuň bilen baglylykda, täze Kanun aýratyn ähmiýete eýe bolup, elektron resminamalarynyň, elektron resminama dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär hem-de bu ugurda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.
Soňra “Ekologiýa maglumaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürlenildi. Deputatlar çykyş edip, daşky gurşawy goramak babatda esasy wezipelere ünsi çekdiler. Şol wezipeleriň esasysy ata Watanymyzyň tebigatynyň baýlygyny we gözelligini gorap saklamak, olary artdyrmak we geljekki nesillere ýetirmek bolup durýar.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ekologiýa adamlaryň durmuşynyň ähli ugurlarynda abadançylygyň möhüm ugry hökmünde aýratyn üns berilýär. “Ýaşyl ösüş” maksatnamasy döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara hem-de köpasyrlyk milli däplere esaslanýan durnukly ykdysady we durmuş ösüşiniň gurallarynyň biri hökmünde bellenildi. Häzir nebitgaz pudagynda, elektroenergetika ulgamynda, himiýa senagatynda, ulag we beýleki pudaklarda ekologiýa taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Suw, ýer we biologiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak, bioköpdürlüligi we tebigy ýerleri aýawly saklamak, çölleşmä garşy göreşmek maksady bilen, anyk çäreler görülýär.
Umumymilli bag ekmek maksatnamasynyň çäklerinde şäherleriň we ilatly nokatlaryň töwereginde giň tokaý zolaklary döredildi. Ilata, ozaly bilen, ýaşlara ekologiýa bilimini bermek bu işiň möhüm ugry bolup durýar. Bulardan başga-da, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy. Şanly sene – ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ruhy-medeni we beýleki ugurlardaky ösüşine halal zähmeti bilen uly goşant goşan Türkmenistanyň raýatlary sylaglanar.
Şeýle hem deputatlar köp sanly kanunlara goşmaçalar girizmek babatda kanun taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şol kanunlaryň taslamalary bilen bir hatarda Mejlisiň maslahatyna gatnaşyjylaryň garamagyna “Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Singapur Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasy hödürlenildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2020-nji ýyl üçin kanun çykaryjylyk meýilnamasy we birnäçe beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň gün tertibine girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.