Ame­ri­kan Ae­ro­kos­mos eda­ra­sy­nyň (NA­SA) kos­mo­syň çuň­luk­la­ry­ny öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len uçu­ran “New Ho­ri­zons” kosmos te­les­ko­py Ýere tä­ze su­rat­la­ry iber­di. Ne­ti­je­de, ibe­ri­len su­rat­lar­da­ky ýyl­dyz­la­ryň bi­ziň gör­ýä­ni­miz­den ta­pa­wut­ly­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. “New Ho­ri­zons” kos­mos te­les­ko­py 2006-njy ýyl­da uçu­ry­lyp­dy. Bu te­les­kop Ýer­dä­ki­ler­den ta­pa­wut­ly­lyk­da, has uzak­da­ky as­man ji­sim­le­ri­ni go­laý­dan gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Kos­mos en­ja­my häzir­ki wagt­da biz­den 7 mil­liard ki­lo­metr uzak­laş­dy. As­man gi­ňiş­li­gin­de uçu­şy­ny do­wam et­dir­ýän “New Ho­ri­zons” 2015-nji ýyl­da Gün ul­ga­my­nyň iň daş­da­ky – 9-njy pla­ne­ta­sy bo­lan Plu­to­nyň go­la­ýyn­dan ge­çip­di. Ge­çen ýyl bol­sa, “Ar­ro­koth” at­ly has uzak­da­ky as­man ji­si­mi­niň de­ňin­den ge­çip­di. Bar­ha uzak­laş­ýan kos­mos en­ja­my şu ýy­lyň ap­re­lin­de Ýer­den 7 mil­liard ki­lo­metr uza­klyga ba­ryp­dy. Şol ýer­den bol­sa, 4,2 ýag­ty­lyk ýy­ly uzak­lyk­da­ky “Proxima Cen­tau­ri” hem-de 7,7 ýag­ty­lyk ýy­ly uzak­da­ky “Wolf 359” at­ly ýyl­dyz­la­ry su­ra­ta dü­şür­di.
Gün bi­len birlikde äh­li ýyl­dyz­lar hem he­re­ket ed­ýär. Em­ma ola­ryň ga­ty uzak­ly­gy we he­re­ke­ti­niň ha­ýal­ly­gy se­bäp­li ola­ryň he­re­ke­ti­ni Ýer­den se­re­de­niň­de ta­pa­wut­lan­dy­ryp bol­ma­ýar. Kos­mos en­ja­my­nyň tä­ze ibe­ren mag­lu­mat­la­ry ýyl­dyz­la­ryň bu he­re­ke­ti­ni we Ýer­den uzak­ly­gy­ny has ta­kyk anyk­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
“New Ho­ri­zons”-yň ibe­ren su­rat­la­ry Awst­ra­li­ýa­da­ky we ABŞ-da­ky te­les­kop­lar ar­ka­ly dü­şü­ri­len su­rat­lar bi­len de­ňeş­di­ril­di. Biz­den bar­ha uzak­laş­ýan “New Ho­ri­zons” dü­şü­ren su­ra­tlary­ny Ýe­re ra­dio tol­kun­la­ry ar­ka­ly iber­ýär. Ra­dio tol­kun­la­ry ýag­ty­lyk tiz­li­gin­de he­re­ket ed­ýär. Şeý­le­lik­de, bu mag­lu­mat­lar Ýe­re 6,5 sa­gat­da ge­lip ýet­ýär.