Ýaponiýanyň dünýä belli “Toshiba” korporasiýasy özüniň telewizor önümçiligi bilen meşgullanýan düzümini satmagy maksat edinýär. Bu barada ýapon metbugatynda habar berilýär.
Mälim bolşuna görä, deslapky hasabatlaryň çäklerinde bu geleşigiň bahasynyň birnäçe ýüz million dollara barabar bolmagyna garaşylýar. Bu geleşik bilen Türkiýäniň hojalyk harytlaryny öndürýän “Vestel” kompaniýasynyň ýakyndan gyzyklanma bildirýändigi mälim edildi. Bu baradaky ahyrky netije 2018-nji ýylyň martynda belli bolar.