Gün­de­lik dur­mu­şy­myz­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy­na ze­rur­lyk duý­ýan en­jam­la­r bar­ha kö­pel­ýär. Şeý­le-de elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň çeş­me­le­ri hem kö­pel­ýär. In­di hü­när­men­ler mo­bil en­jam­la­ra zar­ýad ber­ýän dür­li zat­la­ry çy­kar­dy­lar. Go­laý­da iş­le­nip taý­ýar­la­nan “Bioo” at­ly gül­dan mo­bil en­jam­la­ra has “te­bi­gy” usul ar­ka­ly zar­ýad ber­ýär. Da­şyn­dan se­re­di­len­de ada­ty gül­dan­dan o di­ýen ta­pa­wu­dy bol­ma­dyk “Bioo” gül­den elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­ýär. Ony ulan­ma­ga baş­la­maz­dan ozal, gül­da­na bi­raz suw guý­ma­ly we is­len­dik ösüm­li­gi top­ra­gy bi­len bi­le­lik­de oňa oturt­ma­ly. Gül­dan­da­ky USB gi­ri­şi­ne ka­be­li bi­rik­dir­mek ar­ka­ly mo­bil en­ja­ma zar­ýad be­ri­ber­me­li. Ga­byň için­dä­ki ýö­ri­te ul­gam ösüm­li­giň fo­to­sin­tez ge­çir­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de ýü­ze çy­kan elekt­ron­lar ar­ka­ly en­ja­myň zar­ýad al­ma­gy­ny ga­zan­ýar. Soň­ra bol­sa, is­län ma­ha­lyň gü­li su­wa­ry­ber­me­li. Onuň düý­bün­dä­ki ul­ga­myň ösüm­li­ge hiç hi­li zy­ýa­ny ýok.
Bu en­ja­m üçin 89 ýew­ro­dan sar­gyt ka­bul edilip baş­la­ndy. Tä­ze önü­miň ýy­lyň ahy­ryn­da taý­ýar bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.