Rus­si­ýa­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nistr­li­gi tem­mä­ki ulan­ma­gy kem-kem­den azalt­mak mak­sa­dy bi­len, de­giş­li kon­sep­si­ýa­ny iş­läp düz­di. Şol kon­sep­si­ýa la­ýyk­lyk­da, tap­gyr­la­ýyn esas­da tem­mä­ki önüm­le­ri­niň sa­tu­wy­ny ara­dan aýyr­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri göz öňün­de tu­tul­ýar.
2019 – 2020-nji ýyl­la­ry öz içi­ne al­ýan kon­sep­si­ýa­da 2050-nji ýy­la çen­li çi­lim çek­ýän­le­riň sa­ny­ny azalt­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. 2050-nji ýyl­da tem­mä­ki önüm­le­ri­niň sa­tu­wy bes edi­ler.
2016-njy ýyl­da bu zy­ýan­ly en­dik rus ra­ýat­la­ry­nyň 30,9 gö­te­ri­mi­ni gur­şap al­dy. Ýur­duň ila­ty­nyň 40 mil­lio­ny çi­lim çek­ýär. 2025-nji ýyl­da çi­lim çek­ýän­le­riň sa­ny­ny 25 gö­te­ri­me çen­li azalt­mak, 2040 – 2050-nji ýyl­lar­da bol­sa, 5 gö­te­ri­me ge­tir­mek mak­sat edi­nil­ýär.
2013-nji ýyl­da Rus­si­ýa­da tem­mä­ki önüm­le­ri­ne gar­şy gö­reş­mek ba­bat­da ka­nun ka­bul edil­di. Şol ka­nun esa­syn­da il­ki­baş­da sta­di­on­lar­da, mek­dep­ler­de, uni­wer­si­tet­ler­de, dü­kan­lar­da, ça­ga­la­ryň oý­na­ýan meý­dan­ça­la­ryn­da çi­lim çek­mek ga­da­gan edil­di. Hatda çi­li­miň ma­ha­ba­ty hem ga­da­gan edi­lip, onuň sa­tu­wy düz­gün­leş­di­ril­di. 2014-nji ýy­lyň tom­sun­dan baş­lap, myh­man­ha­na­lar­da, ka­fe­ler­de, res­to­ran­lar­da, ot­lu­lar­da, ho­wa we de­mir­ ýol men­zil­le­rin­de çi­lim çek­mek ga­da­gan edil­ipdi.