Bir bar eken, bir ýok eken. Ga­dym za­man­lar­da bir gar­ry ma­ma­nyň her gün bir al­tyn ýu­murt­ga guz­la­ýan to­wu­gy bar eken. Gün­ler­de bir gün onuň ke­te­gi­niň ag­zyn­da bir aç til­ki peý­da bo­lup­dyr-da, diş­le­ri­ni gy­jyr­da­dyp­dyr. To­wuk al­jy­ra­man, ke­te­giň ag­zyn­da­ky aga­jyň üs­tü­ne uçup çy­kyp, til­kä ýüz­le­nip­dir:
– Eý, til­ki, nä­me üçin se­niň diş­le­riň ýi­ti?
– Duş­man­la­ryň men­den he­der et­me­gi üçin.
– Se­niň duş­man­la­ryň kim?
– Ki­miň eti­ni iý­ýän bol­sam, şol.
– Diý­mek, me­nem duş­ma­nyň-da?
– Ha­wa, sen-ä bi­rin­ji duş­ma­nym.
Til­ki şeý di­ýip, to­wu­gyň otu­ran ýe­ri­ne tow­sup­dyr. To­wuk on­dan sy­pyp, ke­te­ge gi­rip­dir-de, ga­py­nyň ag­zyn­da­ky bur­ça sow­lup­dyr. Til­ki hem onuň yzyn­dan kür­säp urup­dyr we­li, maň­la­ýy ke­te­giň tö­rü­ne de­gip, seň­se­läp­dir. To­wuk ke­te­giň ga­py­sy­na gy­sy­lyp, da­şa­ryk bö­küp çy­kyp­dyr. Ga­py­nyň il­gen­çe­gi sy­pyp­dyr-da, ýa­py­lyp­dyr. Til­ki özü­ni dür­säp se­ret­se, to­wuk ke­te­giň üs­tü­ne çy­kyp wak-wak­lap dur diý­ýär. Äti­ýaç­ly to­wu­gyň gy­ly­gy­na be­let kem­pir “Bu bi­de­rek ýe­re gy­gyr­ýan däl­dir” di­ýip, onuň ýa­ny­na yl­gap­dyr. Ge­lip gör­se, to­wu­k me­kir til­ki­ni ke­te­gi­ne ga­bap go­ýup­dyr. Kem­pir til­ki­niň de­ri­si­ni soý­du­ryp, ony to­wu­gyň ke­te­gi­niň ga­py­sy­nyň üs­tü­ne çüý­le­dip­dir. Şon­dan soň, to­wu­gy iý­jek bo­lup, ke­te­ge ýe­ke­je til­ki-de ge­lip bil­män­dir.