“Ýü­zük­le­riň hö­küm­da­ry” (The Lord of the Rings) hem-de “Hob­bit” (Hob­bit) ýa­ly ki­no sun­ga­ty­nyň ta­ry­hyn­da uly yz gal­dy­ran film­le­riň ese­ri­niň aw­to­ry, iň­lis ýa­zy­jy­sy Jon Ro­nald Reuel Tol­kie­niň öm­ri dö­re­di­ji­li­gi ba­ra­da ki­no su­ra­ta dü­şü­ri­ler. Bi­og­ra­fik gör­nüş­dä­ki ki­no­da baş keş­bi – Tol­kie­niň keş­bi­ni Ni­ko­las Hul­tuň jan­lan­dyr­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bu ba­bat­da iki ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­ler ge­çi­ril­ýär. De­wid Gli­son bi­len Ste­fen Be­res­for­duň bi­le­lik­de ýaz­jak sse­na­ri­si esa­syn­da ek­ran­laş­dy­ryl­jak fil­me finl­ýan­di­ýa­ly Do­me Ka­ru­ko­si re­žiss­ýor­lyk eder. 1892–1973-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da ýa­şap ge­çen Tol­kie­niň ýo­kar­da ady ag­za­lan eser­le­ri esa­syn­da Tä­ze ze­lan­di­ýa­ly re­žiss­ýor Piter Jekson 6 bö­lüm­li film su­ra­ta dü­şürip­di. Şol film­ler pro­kat­dan 6 mil­liard dol­la­ra go­laý kas­sa ýy­gy­my­ny top­lap­dy.