Türkmen topragy müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň ähmiýetli wakalarynyň mesgeni boldy. Bu toprak ekerançylyk, maldarçylyk, ylym, medeniýet we sungat siwilizasiýasynyň ösen ýeridir. Keremli türkmen topragy ak bugdaýyň ylmy esasda ykrar edilen ilkinji Watany hasaplanýar.
Ak bugdaýyň, ak pagtanyň, datlydan-datly miwelerdir gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilýän ýurdy bolan güneşli Diýarymyzda oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda irginsiz aladalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, oba zähmetkeşleri üçin ýerden bol hasyl öndürip ýetişdirmek babatda uly goldaw berilýär. Ýer, suw, tehnika we dökün üpjünçiligi döredilýär. Döwlet tarapyndan uly goldawa eýe bolan edermen babadaýhanlarymyz ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasylyň möçberini artdyryp, döwletimiziň kuwwatlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşup gelýärler.
Hormatly Prezidentimiz şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň Lebap we Mary welaýatlaryna iş saparlaryny amala aşyrdy. Milli Liderimiziň kärendeçiler bilen bolan söhbetdeşliklerinden hem görnüşi ýaly, häzirki zamanyň kuwwatly tehnikalaryny we enjamlaryny satyn almakda, kärendeçileri ýeňillikli bahalardan mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar hem-de ekiniň zyýankeşlerine garşy göreşmek üçin himiki serişdeler bilen üpjün etmekde, öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginde döwletiň berýän yzygiderli goldawynyň uludygyny görmek bolýar.
Ekerançylyk medeniýetiniň iň irki ojaklarynyň biri hasaplanylýan ýurdumyzda ýerli toprak-howa şertlerinden ugur alyp, oba hojalyk ekinlerini ekip ýetişdirmekde, olardan ýokary hasyl öndürmekde ajaýyp netijeler gazanylýar. Bu ugra hususy pudagyň wekilleri hem işjeň çekilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň telekeçileri halk hojalygynyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda oba hojalyk önümçiliginde hem iş alyp barýarlar. Olara ýörite ýer bölekleri bölünip berlip, şol ýerlerde ekerançylyk bilen meşgullanýarlar, oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirýärler. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, ýurdumyzda ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň artdyrylmagynyň saçaklarymyzyň ýylyň ähli paslynda bereketli bolmagyna giň mümkinçilikler döredýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Daýhançylygyň müňýyllyklardan gözbaş alýan ýokary medeniýetini kemala getiren gadymy halkymyz bugdaý, tüwi ýaly däneli, mäş, noýba, nohut ýaly kösükli, gawun, garpyz, kädi ýaly bakja ekinlerini, gök önümleri we miweleri ösdürip ýetişdirmeklige aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň oba hojalygynda ak bugdaýy we gowaçany ösdürip ýetişdirmeklige möhüm orun degişlidir. Çünki bugdaý azyk bolçulygyny, pagta bolsa dokma senagatyny çig mal bilen üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýerden kemal tapan babadaýhanlarymyz topragyň türkmeniň ýedi hazynasynyň başydygyna gowy düşünýärler. Şeýle hem merdana ata-babalarymyzyň döreden “Zähmet soňy-rehnet”, “Zähmetim bar-hormatym bar”, “Çekseň zähmet, ýagar rehnet”, “Daýhan mert- ýer jomart”, “Tomus depesi gaýnamadygyň gyş gazany gaýnamaz” ýaly dana pähimleri we nakyllary topragyň bolçulygyň mukaddes çeşmesi bolup hyzmat edýändigini ündäp geçipdirler.
Milli Liderimiziň oba hojalyk pudagynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak babatda edýän taýsyz tagallary netijesinde, ýerleriň 99 ýyla çenli uzak möhletleýin peýdalanmaga berilmegi, oba hojalyk önüm öndürijileriň özlerini ýeriň hakyky eýesi hökmünde duýmagyna, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda özleriniň gujur-gaýratlaryny görkezip, önümiň möçberini hem-de girdejililigini artdyrmaklaryna örän amatly şertleriň döredilendigine şaýatlyk edýär. Şeýle hem döwlet tarapyndan bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy daýhanlary has-da netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Nursoltan TAŇRYBERDIÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.