2017-nji ýy­lyň 27-nji ap­re­lin­de Aş­ga­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de paý­tag­ty­myz­da­ky “Oguz­kent” myh­man­ha­na­syn­da Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň VII mej­li­si ge­çi­ril­di. Oňa ýur­du­my­zyň hö­kü­met ag­za­la­ry, da­şa­ry ýurt­la­ryň hem-de ýur­du­my­zyň Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň ag­za­la­ry, at­çy­lyk pu­da­gy­nyň iş­gär­le­ri we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
As­so­sia­si­ýa­nyň her ýyl Türk­men be­de­wi­niň baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän mej­lis­le­rin­de onuň işi­niň ne­ti­je­le­ri­ne hem-de hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gel­je­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri­ne ga­ral­ýar. Hü­när­men­le­riň hem-de meş­hur “be­hiş­di be­dew­le­riň” muş­dak­la­ry­nyň şeý­le yzy­gi­der­li du­şu­şyk­la­ry hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär, ony tä­ze bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­lar, der­wa­ýys pi­kir­ler we iş­jeň du­şu­şyk­lar bi­len baý­laş­dyr­ýar.