Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň altynjy mejlisi geçirildi, onda ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň wezipelerine garaldy.
Duşuşyga döwlet düzümleriniň, şol sanda iki ýurduň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Toparyň işine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýumlar ministri Majid bin Abdulla Al Kasabiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabada geldi. Iki tarapdan toparlaryň başlyklary hyzmatdaşlygyň netijeli we okgunly häsiýetini kanagatlanmak bilen belläp, Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde Hökümetara toparynyň ornuny nygtadylar.
Toparyň agzalary ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň jemlerine oňyn baha berip, bilelikdäki işiň birnäçe ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Pikir alyşmalaryň barşynda dokma hem-de azyk senagatynda, bank ulgamynda, ýangyç-energetika toplumynda, hususan-da, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna maýa goýumlaryny artdyrmak we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda anyk teklipler aýdyldy. Ýygnananlar bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýeti barada aýdyp, öňde goýlan wezipelere ýetmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Mejlisiň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň mejlisine gatnaşyjylar Hökümetara toparynyň mejlisiniň barşynda kabul edilen çözgütleriň iki dostlukly ýurduň we halkyň bähbidine ähli ugurlar boýunça doly derejeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.