Türkmen bedewiniň milli baýramy barha ýakynlaşýar. Ýurdumyzda sergileri, maslahatlary, bäsleşikleri we at çapyşyklaryny öz içine alýan “behişdi bedewlere” bagyşlanan köpugurly çärelere badalga berildi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 25-nji aprelde Aşgabatda ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigini, şeýle hem “behişdi bedewleriň” keşbini sungat eserlerinde ýokary derejede beýan etmek boýunça döredijilik işgärleriniň arasynda bäsleşigiň jemleýji tapgyryny geçirmek hakyndaky resminamalara hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan atly sport bäsleşikleriniň we baýramçylyk at çapyşyklarynyň ýeňijilerini höweslendirmek hakyndaky resminamalara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, gadymy döwürlerden bäri türkmen topragynda ösdürilip kemala getirilen we umumadamzat gymmatlygyna öwrülen nurana bedewlerimiz dünýäniň arassa ganly, tohum atlarynyň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar.
Eýesine wepadarlygy, ýyndamlygy bilen türkmen halkynyň buýsanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiz gadymy döwürlerden bäri halkymyzyň köňül zynaty, uçar ganaty hasaplanýar.
Türkmen halkynyň bedew atlaryna bolan söýgüsi örän uludyr. Bu söýgi gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň bedewe goýýan sarpasynda bütin türkmen halkynyň asyrlarboýy kemala gelen ýokary medeniýetini görmek bolýar. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilmegi-de halkymyzyň milli buýsanjyna goýýan hormat-sylagynyň bimöçberdigine güwä geçýär. At–owazasy bilen gadymyýetden dowamat bolan türkmen bedewleri bu günki gün toýlarymyzyň bezegine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ahalteke atlarynyň halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga, çapyksuwardan düzülen ýygyndy toparynyň, at üstündäki hereketleriniň türgenleriniň hem-de arassa ganly bedewleri ösdürip ýetişdirjek hünärmenleriň sany artdy.
Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan döwlet Baştutanymyz işiniň juda köpdügine garamazdan, hemişe bedewler bilen duşuşmak üçin wagt tapýar hem-de atly gezim etmek, at çapmak bilen meşgul bolýar. Şonuň üçin döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň iň gowy atçylyk däpleriniň kämilleşdirilmegi, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak üçin oňaýly şertleriň döredilmegi, ýurdumyzyň atçylygynyň halkara pudaklaýyn senagatyna goşulmagy, atçylyk sportunyň ösdürilmegi barada uly alada edýär.
2010-njy ýylda döredilen we ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açdy. Şu ýyl bu assosiasiýanyň döredilmegine 10 ýyl dolýar. Häzir dünýäniň köp künjeklerinde atçylygyň ösdürilmegine, bu pudagyň ylmy we okuw binýadyny, atçylyk sport klublarynyň we türkmen atçylygynyň däpleriniň dikeldilmegine gyzyklanma barha artýar. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy hem bu ugurda işjeň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýdy. Ýylyň-ýylyna onuň agzalarynyň sany barha artýar.
Uly seçgiçilik – genetiki kuwwata eýe bolan ýurdumyzyň atçylyk pudagynda bu gün täze ylmy usullar we guramaçylyk çemeleşmeleri, öňdebaryjy dünýä tejribesi ornaşdyrylýar. Behişdi bedewlerimiziň aýawly saklanmagy hem-de milli, ruhy we taryhy gymmatlyk hökmünde nesillere ýetirilmegi ugrunda giň tagallalar edilýär. Ahalteke bedewi milli we dünýä medeniýetiniň taryhy gudraty bolup galmak bilen, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň ajaýyp nyşany, halkymyzyň arzuwlarynyň hasyl bolmagynyň keşbi, maksada okgunlylygyň we rowaçlygyň nyşany hem boldy. Türkmen bedewiniň şan-şöhratyny dünýä dolduran, ýurdumyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiz barada ençeme eserleri döredip, dünýä jemgyýetçiliginiň türkmen bedewine bolan söýgüsini hem-de şöhratyny belende galdyran hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Süleýman NARLYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy.