Internetde gözleg we beýleki birnäçe hyzmatlary hödürleýän “Google”-yň terjime hyzmatlaryna täze 5 dil – şol sanda türkmen dili hem girizildi. Türkmen dilinde başga-da tatar, uýgur, kinýaruanda we odia dilleri girizildi. Täze dilleriň goşulmagy bilen “Google terjime”-däki dilleriň sany 108-e ýetdi. “Google”-yň hünärmenleri terjime hyzmatlaryna täze dili goşmak üçin internet dünýäsinde şol dilde ýeterlik derejede maglumatyň bolmalydygyny belleýärler. Täze goşulan dillerde ýer ýüzünde 75 milliondan gowrak adamyň gepleşýändigi habar berildi. Bu barada “Google” blogunda habar berildi. “Google Terjime” hyzmaty sanawyndaky dilde berlen teksti başga bir dile gysga wagtda terjime edýär. Emeli aňdan peýdalanýan kompýuterler arkaly ýerine ýetirilýän terjimäniň ýüzleýdigi we ýeterlik derejede takyk däldigi aýdylýar.