22-nji noýabrda “Arçabil” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda altynjy türkmen-rus ykdysady maslahaty geçirildi, oňa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti Aşgabada geldi. Onuň düzüminde döwlet edaralarynyň we guramalarynyň birnäçesiniň, şeýle hem söwda, azyk senagaty, gurluşyk, elektron maglumat tehnologiýalary, maşyn gurluşyk, nebit-gaz pudagy we beýleki ulgamlarda ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň wekilleri bar.
Bu gezekki işewürlik duşuşygyna türkmen tarapyndan pudaklaýyn ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, eksporta gönükdirilen önümleri öndürýän kärhanalaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak esasynda guralýan türkmen-russiýa hyzmatdaşlygy strategiki häsiýete eýedir. 2017–2019-njy ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň Hökümetara türkmen-russiýa Maksatnamasynyň hem-de söwda, senagat, energetika we inženerçilik üpjünçiligi, gurluşyk, oba we balyk hojalygy, ulag we ulag geçelgeleri, sport, syýahatçylyk, saglygy goraýyş ulgamynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilýär.
Häzirki wagta çenli Türkmenistanda Russiýa tarapynyň gatnaşmagynda 180-den gowrak kärhana bellige alyndy. GDA ýurtlarynyň statistika komitetiniň maglumatlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň jemi içerki önümiň aňrybaş ösüşi babatynda takmynan 6-7 göterim ösüş depgini bilen Arkalaşygyň ýurtlarynyň bäşligine girendigi habar berildi. Şu gezekki maslahata hem Russiýanyň 8 sebitiniň wekilleri gatnaşýarlar. Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan, Swerdlowsk, Belgorod oblastlary we RF-niň beýleki sebitleri Türkmenistan bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ýokary derejesini görkezýärler.