Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Rus­si­ýa­nyň iri se­bi­ti­niň ýol­baş­çy­sy bi­len mä­hir­li sa­lam­la­şyp, ony ge­çen Hal­ka­ra Now­ruz gü­ni bi­len gut­la­dy we do­gan­lyk Ta­ta­rys­ta­nyň hal­ky­na aba­dan­çy­lyk hem-de ro­waç­lyk ar­zuw et­di. Stra­te­gik türk­men-rus­si­ýa hyz­mat­daş­ly­gy­nyň çäk­le­rin­de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň se­bit­le­ri, şol san­da Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy bi­len öza­ra gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýur­du­my­zy Ta­ta­rys­tan bi­len iki hal­kyň ta­ry­hy-me­de­ni we ru­hy umu­my­ly­gy­na esas­la­nan, öň­den gel­ýän gat­na­şyk­lar bag­la­nyş­dyr­ýar.
Öza­ra yna­nyş­ma­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si dür­li ul­gam­lar­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek üçin yg­ty­bar­ly esas bo­lup hyz­mat ed­ýär. Yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­lar hem-de öza­ra sa­par­lar gat­na­şyk­la­ryň has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ne­ti­je­li söw­da-yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gyň oňyn ös­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, ge­çen ýy­lyň iýun aýyn­da Ka­zan şä­he­rin­de ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­ri aý­ra­tyn ýa­kym­ly duý­gu­lar bi­len ýat­la­dy.
Açyk­lyk we bi­rek-bi­re­giň bäh­bit­le­ri­ne hor­mat goý­mak ýag­da­ýyn­da ge­çen ne­ti­je­li gep­le­şik­ler, şo­la­ryň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar hem-de gol çe­ki­len res­mi­na­ma­lar ta­rap­la­ryň mö­hüm tas­la­ma­la­ryň çäk­le­rin­de bi­le­lik­de iş­le­me­giň köp ýyl­lyk oňyn tej­ri­be­si bi­len ber­ki­di­len deň­hu­kuk­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi­ni hem-de ony pug­ta­lan­dyr­ma­ga ça­lyş­ýan­dy­gy­ny aý­dyň­lyk bi­len gör­kez­di.
Söh­bet­deş­ler ta­rap­la­ryň köp ugur­la­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­dir­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­lap, ozal ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça anyk ädim­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Şol yla­la­şyk­la­ryň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi dür­li ul­gam­lar­da gat­na­şyk­la­ry çuň­laş­dyr­ma­ga goş­ma­ça iter­gi be­rer.

Türk­me­nis­ta­nyň Ta­ta­rys­ta­nyň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry – “Ka­mAZ” aw­to­mo­bil gur­lu­şyk kär­ha­na­sy, “Tat­neft” açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti, Ka­za­nyň di­ku­çar za­wo­dy we beý­le­ki köp san­ly kär­ha­na­la­ry bi­len köp­ýyl­lyk öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň my­sa­ly bo­lup bi­ler. Aw­tou­lag se­riş­de­le­ri­niň dür­li ky­sym­la­ry yzy­gi­der­li ibe­ril­ýär, bu ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li teh­ni­ka­la­ra hyz­mat et­mek bo­ýun­ça mer­kez­le­ri gur­mak we en­jam­laş­dyr­mak bo­ýun­ça iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
“Tat­neft” ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň des­ga­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­ri ge­çir­ýär, Ha­za­ryň türk­men bö­le­gi­ni öz­leş­dir­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýar. Me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da, “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni bi­len “Top­lum­la­ýyn ener­goö­süş Hol­ding” do­lan­dy­ry­jy kom­pa­ni­ýa­sy” at­ly jo­gap­kär­çi­li­gi çäk­len­di­ri­len jem­gy­ýe­ti­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma­nyň çäk­le­rin­de top­lum­la­ýyn dö­kün­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça tas­la­ma dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­myn­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ra la­ýyk­lyk­da, dür­li mak­sat­ly di­ku­çar­lar, şeý­le hem kon­teý­ner­le­ri da­şa­ýan de­ňiz gä­mi­le­ri­niň tä­ze gör­nüş­le­ri ibe­ri­lip baş­lan­dy. Ta­rap­lar şeý­le hem dost­luk we öza­ra dü­şü­niş­mek ýag­da­ýyn­da­ky türk­men-ta­tar gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýän me­de­ni-yn­san­per­wer ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz Ta­ta­rys­ta­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de oka­ýan ta­lyp­lar ba­ra­da ed­ýän ala­da­sy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Söh­bet­deş­ler şeý­le hem dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne ýa­ra­maz tä­sir ed­ýän ko­ro­no­wi­rus pan­de­mi­ýa­sy bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýag­da­ýy we şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu ke­se­liň ýaý­ra­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­me­giň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Da­şar­ky ýag­daý­la­ra ga­ra­maz­dan, öz wag­tyn­da bi­le­lik­de gör­len çä­re­le­riň söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň hä­zir­ki ýo­ka­ry dep­gi­ni­ni sak­lap gal­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ne ynam bil­di­ril­di.
Söh­bet­deş­li­giň ahy­ryn­da iki ýur­duň Prezidentleri bi­rek-bi­re­ge berk jan sag­lyk we jo­gap­kär­li döw­let işin­de tä­ze üs­tün­lik­le­ri, Ta­ta­rys­ta­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň do­gan­lyk hal­ky­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk we ro­waç­lyk ar­zuw et­di­ler.