11-nji martda hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Milli Liderimiziň baştutanlygynda oňyn bitaraplyk, “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan goňşy ýurtlar, şol sanda Azerbaýjan bilen netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn berkidilmegine we ösdürilmegine ähmiýet berýär.
Häzirki döwürde birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze belentlige çykdy. Türkmenistan we Azerbaýjan netijeli syýasy gatnaşyklary ösdürmek arkaly köpugurly esasda, abraýly sebitara we halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürýär. 2017-nji ýylyň awgust aýynda hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna bolan resmi sapary döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Onuň jemleri boýunça iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnama, şeýle hem dürli ugurlardaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin zerur mümkinçilikleri üpjün edýän birnäçe resminamalara gol çekilipdi.
Hormatly Prezidentimiziň bu gezekki sapary hem türkmen-azerbaýjan döwletara gatnaşyklarynyň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyna hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda kuwwatly ösüşe eýe bolmagyna uly itergi berdi.
Milli Liderimizi Azerbaýjanyň paýtagtynyň howa menzilinde resmi adamlar garşyladylar we olar milli Liderimizi Azerbaýjan topragynda görýändiklerine şatdyklaryny nygtadylar. Döwlet Baştutanymyzyň ulag kerweni howa menzilinden Azerbaýjanyň Prezidentiniň “Zagulba” kabulhanasyna tarap ugrady. Bu ýerdäki meýdançada belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen mähirli görüşdi. Resmi dabaradan soňra iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek çäresi boldy. Soňra türkmen-azerbaýjan ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikleri boldy. Dostlukly goňşy döwletiň Baştutanynyň belleýşi ýaly, biziň halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar köpasyrlyk taryha eýedir. Bu gatnaşyklar dostluk, doganlyk, özara goldaw gatnaşyklarynyň taryhydyr. Häzirki wagtda Azerbaýjan bilen Türkmenistan Garaşsyz döwletler hökmünde saýlap alan ýollary bilen ynamly öňe barýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjana resmi sapar bilen gelmäge çakylyk we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, ähli ugurlar – syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şeýle hem halkara derejede üstünlikli ösdürilýän hoşniýetli goňşuçylyk, döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy babatynda şu günki duşuşygyň ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň Baştutany şu gezekki gepleşikleriň netijeli türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyna täze itergi berjekdigine, iki halkyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Şeýle hem taraplar gepleşikleriň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Prezident Ilham Aliýew ýokary derejede yzygiderli geçirilýän döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini hem-de şu gezekki gepleşikleriň gün tertibiniň baý many-mazmunly bolandygyny belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik häsiýetini kanagatlanma bilen nygtady. Gol çekmek üçin taýýarlanylan resminamalar toplumy hem muňa şaýatlyk edýär, olar hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirer.
Azerbaýjanyň Baştutany türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk derejesini aýratyn belledi, iki halky birleşdirýän köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary onuň esasyny düzýär. Goňşy döwletiň Baştutanynyň belleýşi ýaly, geçen ýyl Aşgabatda we Bakuda türkmen Lideri bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda hem hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilikler döredi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk oňyn netijeler bilen häsiýetlendirilýär, bilelikdäki Hökümetara topary netijeli işleýär, pudagara derejede gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Prezident Ilham Aliýew iki ýurduň hem uly kuwwata eýe bolan ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçmek bilen, Azerbaýjanda we Türkmenistanda degişli döwrebap düzümleri döretmek we iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin, uly işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimize söz berildi. Milli Liderimiz bildirilen myhmansöýerlik we netijeli işlemek üçin döredilen şertler üçin azerbaýjan kärdeşine minnetdarlyk bildirip, Azerbaýjana bolan bu gezekki resmi saparyň baş maksadynyň döwletara hyzmatdaşlygy has-da berkitmekden, ony ikitaraplaýyn gyzyklanmalara, şeýle hem ýurtlarymyzyň eýe bolan anyk mümkinçiliklerine laýyklykda, täze hil we mazmun bilen baýlaşdyrmakdan ybaratdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, Bakuda Türkmenistanyň Söwda öýüni we degişlilikde, Aşgabatda Azerbaýjanyň Söwda öýüni döretmek baradaky meselä içgin seretmegi teklip etdi. Mundan başga-da, döwletleriň ikisinde hem hususy ulgamyň işjeň ösýändigini nazara almak bilen, bilelikdäki türkmen-azerbaýjan Işewürler geňeşini döretmek boýunça tagalla etmek zerurdyr. Onuň düzümine iki ýurduň kompaniýalarynyň wekilleri girip biler.
Medeni-ynsanperwer ulgam hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Medeni-ynsanperwer ugurdaky döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, Medeniýet günlerini hem-de iki ýurduň döredijilik toparlarynyň we sungat ussatlarynyň özara çykyşlaryny her ýyl guramagy, şeýle hem her ýyl iki ýurduň ýaşlar we çagalar döredijilik toparlarynyň özara çykyşlarynyň guralmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Şeýle hem milli Liderimiz özüniň Azerbaýjan kärdeşini we goňşy döwletiň ähli halkyny golaýda parlament saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda Azerbaýjanyň doganlyk halkyna parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen, iki ýurduň Prezidentleri Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Şeýle hem iki ýurduň hökümet wekilleri tarapyndan ulag, aragatnaşyk, ylym-bilim, raýat awiasiýasy, kitaphana işi, söwda-ykdysady ugurlara degişli ençeme ylalaşyga gol çekildi.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Gepleşikleriň jemleri barada aýdyp, Prezident Ilham Aliýew olaryň iki ýurduň we halklaryň arasynda dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek üçin ähmiýetli bolandygyny nygtady.
– Biz Siziň goňşyňyz we hoşniýetli dostuňyz bolmak bilen, gazanýan üstünlikleriňize hemişe begenýäris – diýip, Azerbaýjanyň Baştutany belledi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdylanda bolsa, şu gün hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň ähli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we onuň strategik ösüşine ikitaraplaýyn gyzyklanmalar tassyklanyldy diýip, Prezident Ilham Aliýew belledi. Şu günki duşuşygyň jemleri boýunça gol çekilen resminamalar döwletara gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.
Prezident Ilham Aliýew türkmen Lideriniň bu gezekki resmi saparynyň döwletara gatnaşyklary berkitmegiň ýolunda täze möhüm ädime öwrülendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýokary derejede geçirilen duşuşygyň jemlerini teswirläp, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanyň sebitde strategik hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy, energetika pudagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistan hem, Azerbaýjan hem uglewodorod serişdelerine örän baý ýurtlardyr. Energetika meseleleri barada aýdylanda, biz bu serişdeleri dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapdarydyrys, şunda, öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň arasyndaky deňeçerlik ýörelgesi öňe sürülmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şeýle hem gepleşiklerde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegine üns berildi. Üstaşyr-ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz şunda onuň dogry logistikasynyň düzülmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Milli Liderimiz şeýle hem iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artandygyny belledi, muňa onuň 40 göterimden hem artandygy şaýatlyk edýär.
Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Idaýat ogly Asadow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary we onuň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz saparynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň aramgähine bardy. Bu ýerde Azerbaýjanyň ilkinji Prezidentiniň we meşhur syýasy işgäriň ýagty ýadygärligine çuňňur sarpa hökmünde gül dessesini goýdy. Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähriban käbesiniň ýadygärligini hem sarpalap, onuň guburyna gül dessesini goýdy.
Soňra milli Liderimiz Şehitler ýadygärligine baryp, ol ýerde Azerbaýjanyň azatlygy hem-de garaşsyzlygy ugrunda gurban bolan halk gahrymanlarynyň ýadygärligini hatyralap, bu ýadygärlige gül çemenini goýdy.
Soňra milli Liderimiziň awtoulag kerweni Azerbaýjanyň milli haly muzeýine tarap ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň Baştutanyna bu medeni-aň-bilim we ylmy-barlag merkeziniň alyp barýan umumy işi barada maglumat berildi. Muzeý 1967-nji ýylda döredilipdir. 2014-nji ýylda ol täze binagärlik çözgüdi bolan we dolanan halynyň şekilinde taslamalaşdyrylan hem-de Bakuwyň merkezindäki Deňizýaka seýilgähinde ýerleşýän täze bina göçdi. Häzirki döwürde muzeýiň sergi zallarynda we gaznalarynda 14 müňden gowrak gymmatlyk saklanýar. Ol bürünç asyryndan biziň günlerimize çenli bolan döwri öz içine alýar.
Muzeýiň gymmatlyklary bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz türkmen we azerbaýjan halklarynda halyçylyk däpleriniň ýakyndygyny, ony taýýarlamagyň usulynda, dokalyş aýratynlyklarynda umumylygyň bardygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde bu sungatyň köp asyrlaryň dowamyndaky ösüşinde milli we sebit aýratynlyklary möhüm orun eýeleýär.
Agşam belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew resmi agşamlyk naharyny berdi, şonda döwlet Baştutanlary söz sözlediler.